Запись - Microsoft 190 mlrd dollara Netflix-i satyn almaga hyýallanýar

Microsoft 190 mlrd dollara Netflix-i satyn almaga hyýallanýar

Microsoft korporasiýasy Netflix wideoserwisini satyn almagy göz öňünde tutýar. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar.

Agentligiň habar bermegine görä, geleşik ähli komissiýalaryň we bonuslaryň tölegini hasaba almak bilen, 190 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar.
Geleşigi resmi görnüşde 2023-nji ýylda yglan etmegi meýilleşdirýärler.
Microsoft Netflix-i satyn almak bilen, öz gurluşlarynda oýunlary akymlaýyn bermek hyzmatyny teklip etmek isleýär diýip makalada bellenilýär.
Microsoft sekiz ýyl mundan öň kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini Satýa Nadella eýeläninden soň beýleki kompaniýalary satyn almaga başlady diýip Reuters ýatladýar. Korporasiýanyň söwdalarynyň içinde iň gymmady 26 mlrd dollara satyn alan Linkedln sosial torudyr we 20 mlrd dollarlyk, dili tanamak üçin niýetlenen programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjy we Nuance emeli aňydyr.
Teswirler 1
20 Апр 2023, 23:36
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş