Запись - Ynjama

Ynjama

YNJAMA

Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.

Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn.
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy.
Saňa heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözlerimden ynjama.

Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin.
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim..
Öz gownümi ezmegimden ynjama.

Sen bir eziz serwi, başlary galyk,
(Eh, owadan owa,, çyglanma çalyk),
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup
Damja gaçsa, gözleriňden
ynjama.

* * *

Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.

Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.

Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.

Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.

Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!

Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.

* * *

DURMUŞ

Daň atandan syldym seni ýüzüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!
Şükürlikden ýaş aýlandy gözüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Sag-aman oýandym, başym gökdedir,
Baş gara bolsa-da, gözüm akdadyr.
Ýurdum barka «bilmen» nedir, «ýok» nedir,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Gül meňzini görseň bolmaz howsala,
Darykmaryn agyz urup owsara.
Medet bergin öz boýuna towsana,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

«Görüner-görünmez bela bar» diýler,
«Ýöne garşysyna gala bar» diýler.
«Daşyňda mizemez halal bar» diýler,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Elmydama ýagşylyklar görmeli,
Her teňňäňi durmuş üçin bermeli.
Mysapyr bolaňda biraz durmaly,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Sabyr edip menzillere ýetişgin,
Şeýde-şeýde il-günüňe gatyşgyn.
Ýazgyt bilen altyn aşyk atyşgyn,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Ýüregim suw boldy, zora sataşdym,
Şükür etdim, ýene nura sataşdym.
Ýaşaýyş diýilen pire sataşdym,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

© Mämmetnazar BABANAZAROW.

Edebiyat.clan.su
Teswirler 2
Minettdar yetireniniz un gowy gosgy!
20 Апр 2023, 23:34
0
Gowy gosgy
4 Янв 2023, 13:44
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş