Запись - Täze ýylyñyz gutly bolsun mähribanlar!

Täze ýylyñyz gutly bolsun mähribanlar!

Daýy,daýza,ýegenler,
Bu ýyl göwne degenler,
Ýakyn,alys doganlar,
Köpräk içip,,doñanlar",
Hem-de öýkeleşenler,
Biraz agzy bişenler,
Işçi,daýhan,çopanlar,
Işden rysgal tapanlar,
Garaz ýene-ýeneler,
Mährem ene-atalar.
Ýagşy-ýaman hemmeler,
Ýyllar hemmä deñ geler.
Emma deń gelmez bagt
Kime karz,kime nagt.
Nagtdan paýly boluñ
Maşynly,jaýly boluñ!
Kalba arzuw düwüler
Goý,galñasyn jübüler
Galñamasyn ýüzümiz
Aç galmasyn gözümiz
Gitsin gam-u-gussalar
Gitsin ýürek gysmalar
Durmuş,,minussyz"bolsun
Ýyllar wirussyz gelsin
Diý ,,alada hoş indi..."
Teswirler 1
Spasibo seniňem täze ýylyň gutly bolsun AŞkim))
31 Дек 2022, 12:15
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş