Запись - Dine soygi hakynda (rowayat)

Dine soygi hakynda (rowayat)


gadymdan galypdyr sheyle rowayat,
bolupdyr bir yigit, ady hem bayat.
yetiship eline yarag alypdyr,
yow gelse gaygyrman gylyc salypdyr.

onuñ gülshen atly yary bolupdyr,
yigitler shol gyzyñ zary bolupdyr.
yurtda bolmanmyshyn onuñ dek peri,
görki-görmeginde yokmushun kemi.

gyz yigide, yigit hem ol perizada,
toy etmeklik hakda beripdir wada.
sawcular gelipdir sacagyn jemläp,
il-günem olaryñ edenin goldap.

toy güni baslapdy uly obada,
shol wagt capar gelen goñshy obadan.
,,obamyza dushman ordasy cozdy,
capdy, yesir aldy, öyümiz tozdy.

yashulular kömek sorap ugratdy'',
diyip gelen capar habaryn berdi.
yigit: ,, toyum soña galsyn'' diyenmis,
yarag shayyn tutup, sowut geyenmis.

yigitleri toplap kömege giden,
dusmanlañ encesin urup dagadan.
emma dushman yygny agdyk gelipdir,
kement atyp yigdi yesir alypdyr.

sheydip bayat yowa yesir düshüpdir,
gol ayagyn dañyp yurtdan ashypdyr.
gülshen aglap galan, yüregi para,
yüzüne düshipdir bir erbet yara.

gül yüyüne garar yaly bolmandyr,
bir yigidem oña nazar salmandyr.
ay-yyl gecip bayat gaydyp gelipdir,
gyzyñ halyn eshdip gamgyn bolupdyr.
yigidiñ gözleri shol gün kör bolan,

shondan soñ toy edip gülsheni alan.
yigit mydam yüzüne nikap cekipdir,
bilmandir gelniniñ yüzüne bakyp.
yüzüne nikap cekip baglapdyr gözi,

añynda bolupdur gyzyñ gül yüzi.
bolsada gülsheniñ yüzi betnyshan,
peri bolup yigdiñ kalbynda yashan.
yigit bir gezegem gyzy görmändir,

owadan yaryna yshky sönmändir.
ol yigit yalandan bagtly bolupdyr,
wepalylyk ücin gyzy alypdyr.
shonda-da är-ayal bagtly yashan,

kän yyl yashap baka gidenmis gülshen.
il-halk yygnanshyp jaylapdyr gyzy,
shol gün acylypdyr bayadyñ gözi.
shahyr diyer bu gepden cykaryñ many,
wepalylyk ü'n yazdym men muny!

Teswirler 3
Govy eken menem haladym
4 Янв 2023, 15:11
0
Özüñmi awtory? ❤️❤️👍
3 Янв 2023, 22:26
0
Esger_2325
ответил(-а) Remezan

Avtoryny bilemok haladym paylashayyn diydim

3 Янв 2023, 22:46
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş