Запись - Umman bolan pikirlerim

Umman bolan pikirlerim

Giden umman.
Tolkunly gomlar,
Tagaşaksyz gaýyk,
Kelte kürekli.
Duru asmanda uçýar çarlaklar,
Umydym bar ýüzýän ýürekli.
Syrly adalar,
Ýerler nätanyş.
Ýylgyryp bakýar, asmandan Güneş,
Ýene-de umyt,
Belki özgerer,
ýetişýär kömek.
Nätanyş,
Emma,
Mähirli ýüzler.
Ýol salgy berýär,
Ýakynmy?
Ýa daş?
Kürekläp barýan,
Umydym ýoldaş.
Gara bulutlar,
Gün öñün tutsa,
Tupan tursa,
Gaýykdan ýyksa...
Oý-pikir, göwni çökgünlik.
Geçmeli menzil,
Şonda-da
umyt...
ýüzmegem hezil.
Aýgytly öwrüm,
Gyýçak gaýalar,
Howply-hatarly...
Sussupes göwnüm,
Umydym uçsa...
Gark bolsam bir gün...

Remezan Mämetgurbanow.

13.12.2022ý


Gözýetmez umman, tolkunly gomlar,
Ýüzüp barýaryn, gaýyk kürekläp.
Göwnüm göterýär, uçýan çarlaklar,
Umydym ýoldaş ýüzýän ýürekden.

Nätanyş ýerler, syrly adalar,
Dury Asmanda ýylgyrýar Güneş,
Mätäçlik çekýän...
Mähirli ýüzler,
Ýol salgy berýär,
Ýerli nätanyş.

Gara bulutlar Asmany örtýär,
Göwni çökgünlik, sussumy basýar.
Eger birdenkä, turaýsa tupan,
Şonda näderin,
gark bolsam birden...
Alasarmyklyk, dagynyk pikir.
Uçdy-da gitdi, umydym menden,

Remezan Mämetgurbanow





Teswirler 2
Aşaky bentlerem bir waiantymy şol goşgynyň?
9 Янв 2023, 23:14
1
Remezan
ответил(-а) Mahrimah

Hawa.

9 Янв 2023, 23:45
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş