Запись - Palçyň huzurynda II bölüm...

Palçyň huzurynda II bölüm...

Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Göni tema geçäýeýin.
Adam pahyra barybir jan süýji, barybir ýaşaýyş gymmatly sowgat. Hat-da agyr kesellilerede "sen ölýäň" diýilenok diýilýär lukmanlar tarapyndan. Meň bolsa 40 gün ömrüm galypdyr. Kim aýtdy diýýäňmi, aýal dogan, onda geçen mowzugymy oka, soň muny okaýarsyň.
Dogrudanam şulara ynanýanlar bar. Garşysyndaky adamyň maşgalaly ýa-da däldigini bilmeýän adam onuň haçan öljegini nirden bilsin?!
Işdeşim bir-ä maňa seredýär birem şol bilgije.
Belki indi düşünip ugrandyr, şunça wagt hemme zady bilýär diýip ýöreniniň bir moşennikdigine.
Halal gazanç etmeli, halal iýmeli, bilmeýän zadyňy bilýän diýip halky aldamaly....
-Siziň geçmişden galan kalp ýaraňyz bar eken. Ol Sizi entegem söýüp ýör. Siz ýakynda oň bilen duşuşarsyňyz. Siziň özara tamamlanmadyk işiňiz bar eken...
(Eger söýgüli kommentatorym Wladimir Stognienko bu sözleri eşiden bolsa: -Mama mia, palçydan super kambek diýerdi).
Geçmiş - bu meň ejiz damarymmyka? Tamamlanmadyk iş? O nähili iş?
Ony diňläsim gelýärdi näme üçindir.
-Siz öýlenmedigem bolsaňyz Sizde birleşik çyzyklary görünýär, hat-da çagalaram görünýär.
Tamamlanmadyk işler, birleşik çyzyklary, bu palçymy ýa Brazzers-iň ssenariýçisi (Arasynda öň eşitmedik sözleriňiz gabat gelse düşünjek bolup kösenip ýörmäň, "podrostýoş poýmýoş" diýýär orslar).
Dogrudanam şu palçylarda özüne çekiji bir güýç barow (Palça yzygider gatnaýanlara respect diýesim gelýär, @Hemedany gelmänkä okaň soň aýyrjak bu ýerini), bir baraýsaň ýöne gatnap ýörmeli edýärler bular.
Garaz ondan-mundan gürrüň berdi. Eger bir dermanyny dagy alaýsam, ýaşamagymada umyt bar eken. Ajaly dagy yzrak süýşürip bilýän gaty "demi ötgür" maşgala ekeni. Gürrüňleşmäge, derdinişmäge, maslahat bermäge ökde ekeni.
"Palçy" sözi biraz gödegräk eşidilýär bular üçin, geliň şu günden şeýläk bulara "lisenziýasyz psiholog" diýeliň. Baranlara maslahat berýär, göwnüni göterýär, geljege umyt döredýär, dertlilere derman, işsizlere iş, owadan hyýal, dullara aýal wada berýär, garaz şulardan ýamanlyga ýok. Üstesine seanslarynada ullakan zat hantama däl, "göwnüňden çykaranyňy" goýaýmaly.
Dogrusy bu görmegeý zenanyň halyna biraz gynandym. Ony has düşewüntliräk işe çagyrdym.
-Siz bu halyňyza hasam köp pul tapyp bilersiňiz, eger meň teklibimi kabul etseňiz ikimizem basym baýarys.
-Men olar ýaly işleri edemok, başymda ärim bar, çagalam bar, ýogsa Sizden öňem näçe kişi bu teklibi etdi, yrylsam şolara yrylardym, sypatyny piserdip tapýan gürrüňini.
-Ýok, Siz düşünmediňiz öýdýän, bir programma bar, telefonymda, telefonlarda, bäh, nädip düşündirsemkäm, garaz, top oýnaýarlar, kimiň utjagyny, zadyny öňünden bilseň köp pul berýärler. Siz öňünden bilmeg-ä däl, bu gudratyňyz bilen isleseňiz oýnuň netijesini üýtgedibem bilersiňiz.
-Topa pul goýmak haram diýýärler, men olar ýaly zatlary edemok (Baý-booow, haram ekeni diýsene dogan, şol diýýänleri köpräk diňleseň palçylyk sungaty barada-da aýdar şolar).
Şol wagt gapy açyldy. Ulurak ýaşly, sakal-murty ösgün, saçlary bulaşyk, üst-başy bir ýagdaýda, Robinzon Kruza meňzeş biri içerik girdi.
-Salawmaleýkim, (aýalyna seredip): 10 manat beräýdä?
Muň arkaýyn gürleýşinden çen tutsaň-a öňem aýalyna kän gezek bular ýaly haýyş bilen ýüzlenene meňzeýär.
-Ýok pulum, görýäňä ýanymda adam bar. Çyk otagdan.
-Näme bular saňa menden ýakynmy?
Opba gannam star, gaçmaly ýeri geldi öýdýän, bu tüýsibozuk gepi başga tarapa çekip ugrady, entegem ýaňky teklibimi eşitmedi, ýogsa dagy "men saýtdan gidip barýan, menden razy boluň" diýip mowzuk açmaga ýetişerdimmi ýokmy bu diňe özüne aýan.
Garaz gowy gürrüňler bilen hoşlaşyp, çaltrak ugramak bilen bolduk.
Meň palçylarada, olara ynanyp gatnaýanlarada garşylygym ýok, şu günden şeýläk menem telefonda pal atyp ugrajak, goldarsyňyz diýip umyt edýän, ilkinji 10 müşderä skidka, sowgatlaram bar. Howlugyň! Aksiýa meni ele salýançalar dowam edýär...
Teswirler 2
Gyzykly...)
10 Янв 2023, 00:45
0
👍👍👍👍
10 Янв 2023, 00:02
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş