Запись - Dermanlar barada gysgaça

Dermanlar barada gysgaça

Dermanhanada tapdyrmaýan dermanlaryň sanawy:

1. Bedenterbiýe maşklary we sport bilen meşgullanmak – dermandyr.

2. Doga-dileg – dermandyr.

3. Kadaly iýmitlenmek – dermandyr.

4. Gülki – dermandyr.

5. Hoşniýetlilik – dermandyr.

6. Wagtynda ýatyp, wagtynda turmak – dermandyr.

7. Ybadat – dermandyr.

8. Mähir-muhabbet – dermandyr.

9. Söýmek we söýülmek – dermandyr.

10. Şükranalyk – dermandyr.

11. Gahar-gazapdan, öýke-kineden we duşmançylykdan el çekmek – dermandyr.

12. Ruhy iýmitlendirmek – dermandyr.

13. Maşgala agzalaryňyz bilen oturyp derdinişmek – dermandyr.

14. Gujaklaşmak – dermandyr.

15. Gowulyk hakda pikir etmek – dermandyr.

16. Arassa howada gezim etmek – dermandyr.

17. Gowy dostlar – dermandyr.

18. Özüňi we özgäni bagyşlap bilmek – dermandyr.

Goý, Allatagala bize ruhy we beden taýdan sagdyn durmuşda ýaşamagy nesip etsin!

KYSSAHAN
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş