Запись - Şehitlik

Şehitlik

ŞEHITLIK

Kurany Kerimde şehitler bilen baglanyşykly şeýle buýrulýar:

«Allahyň ýolunda öldürilenleri öli hasaplamaň. Olar Rableriniň dergähinde diridir we jennet miwelerinden ryzklanýandyr. Olar Allahyň özlerine eden yhsany sebäpli hoşaldyr», (Äli Imran, 169-170).

«Allahyň ýolunda öldürilenlere öli diýmäň, belki, olar diridir ýöne siz düşünmersiňiz», (Bakara 154).

* * *

ŞEHITLER BILEN BAGLANYŞYKLY KÄBIR HADYSY ŞERIFLER

«Şehidiň gul hakyndan (ynsana bolan maddy we magnewi bergisinden) başga ähli günäsi bagyşlanar», (Müslim).

«Şehit maşgalasyndan we ýakyn garyndaşyndan ýetmiş kişä şefagat eder we şefagaty kabul ediler», (Ebu Dawud, Tirmizi).

«Kyýamat gününde şu üç topar şefagat eder: pygamberler, alymlar we şehitler...», («Täç»).

«Şehit bolan bir mü’min üçin Allahyň ýanynda alty hili sylag-serpaý bardyr: dökülen gany bilen birlikde günäsi bagyşlanar; özüne jennetdäki ýeri görkeziler; gabyr azabyndan halas bolar; dowzah gorkusyndan aman galar; iman eşigi geýdiriler; jennetdäki hüýrlere öýlendiriler we garyndaşlaryndan ýetmiş kişä şefagaty kabul ediler», (Ibni Maje).

Çeşme:
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş