Запись - Bolmady

Bolmady

Ölenlere dil ýetilmez diýdiler,
Bu diýlene häli uýan bolmady.
Bu düýşler bizlerden öñ görüldi.
Oýananda düýşi ýoran bolmady.

Adam ata Jennetinden kowuldy,
Bir ogly bir oglundan boguldy,
Göýä ynsan dert çekmäge doguldy,
Bu bela garşy duran bolmady.

Adam öldi, Isa gitdi, Nuh gitdi,
Müñ ýyl ýaşan Musa pygamber gitdi,
Zülkarneýin, soltan Süleýman gitdi,
Haýsy şanyñ mülki weýran bolmady.

Haýsy kanun, nyzam galdy belli,
Kimler galdy baky janly - tenli,
Adamzadyñ ahyrýeti besbelli,
Bu jahanda baky galan bolmady.

Sahabalar bir mejlisde toplandy,
Muhammetjan ymmatyna şatlandy,
Şol gapydan şeýtan gelip saplandy,
Başyn kesip goparanam bolmady.

Oña Her mowzukdan berildi sowal,
Diýdi Serwer: "Meniñ bilen dinde gal,
Bagyşlaýar rahmeti giñ Züljelal",
Ol iblisden iman eden bolmady.

Musa Tur-a, Isa arşa bürendi,
Eýýup hassa, Ýakup ýasda göründi,
Hemmesine hijran eli sürüldi,
Olar kimin berdaş beren bolmady.

Şükür bagşyñ miras goýan sungaty,
Magtymgulyñ pähimlerniñ gymmaty,
Şol wagtlar edip yzzat - hormaty,
Şahslara takdyr beren bolmady.

Akyl atly bu ýyrtyk ýelken,
Ykbal gaýygyn äkider eken,
Bugün geldi, ertir geler belkem,
Oýanmaga wagt zaman bolmady.

Boş wagty ýok meýhanalaryñ,
Ýaryñça ýok diwanalaryñ,
Öýde garaşýar perwanalaryñ,
Zynalaryñ öñi soñy bolmady.

Hakyñ birligine şekimiz ýokdyr,
Onuñ deñine şirkimiz ýokdyr,
Ömüriñ imana gümany ýokdyr,
Şygyrymda ýalan sözüm bolmady.

Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
Teswirler 2
Tuweleme dinçyl oglan ekeniñ like
26 Янв 2023, 11:20
0
Omurdag
ответил(-а) Ynsan

minnetdar :)

26 Янв 2023, 15:03
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş