Запись - Hayyshnama

Hayyshnama

Men gitmäge mynasypmy, Dälmi ýa? Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar. Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar, pikirlen, çöz, Gideýinmi, döneýin? Bar bolsa ýer, seň dünýäňde galaýyn?!
Oýun bilen, boýun etdik söýgini, Şoňa görä saldy başa gaýgyny, Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi? Gitmek aňsat, Emma durmuş däl oýun, Ejaza ber, seň dünýäňde galaýyn?!
Gitjek welin, Ýaşap bilmen ýüreksiz, Sende galdy... Ýitdi menden dereksiz, Belki oňa menden, sen has gereksiň, ýüregmi ber, boş gursagmy dolaýyn, Etme kemter, seň dünýäňde galaýyn?!
Gözelligňi gabanşyp dur joralaň, Saňa baksam, abanşyp dur joralaň. Döremänkä seň daşyňda gozgalaň, Göripleri töwerekden ýonaýyn, Duşman ýeňler, Seň dünýäñde galaýyn?!
Teswirler 1
What is that?
8 Июл 2023, 16:16
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş