Запись - NIKA

NIKA

Asman ýaly agrasdyñ sen, Çeşme ýaly arassadyñ, Mukkadesdiñ, beýikdiñ sen, Çaga ýaly neressediñ. Kanun ýaly möhümdiñ sen, Suw, howa deý gereklidiñ.
Halallyga ýolduñ baky, Bagt, nygmatly tarapyñdy. Ýeke sözlük, wepalylyk, Üzülmejek tanapyñdy.
Bu gün bolsa ownadyñ sen, Üzüldimi tanaplaryñ? Agyr düşüp ugradyla, Adamzada talaplaryñ...
Ynha indi bakylyk däl, Bezeg bolduñ toý gününe. Ondan soñra mähriñ undup, Goýberýänler köp gümüñe.
Öñ ýekediñ, ömürlikdiñ, Bu gün arzanlady nyrhyñ. Hat-da käbir ýaş-juwana, Duýulanok, bar, ýok parhyñ.
Ejizleme türkmen üçin, Möhümleriñ, möhümisiñ! Bagta gadam basanlaryñ, Bakylygy möhürisiñ!
Teswirler 1
Sy bolmanam binika yasap bolmaza
29 Янв 2023, 00:14
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş