Запись - COPAN OGLY MEN

COPAN OGLY MEN

Mydam halallyga golun uzadyp, Hiç kimden birjigem geýdirmedi kem. Zähmetini mydam ile göz edip, Goýun, sygyr bakan çopan ogly men.
Çölden gelenok ol hat-da hepdeläp, Ýandak basýar güýzlerine petdeläp, Biziñ üçin gara derin seçeläp, Çöl içinde gezen çopan ogly men.
Ýöne meniñ ýüregimde ünji bar, Kelläm bolsa mydam dumandyr, şemal, Bir nakyl döredýär şunça gopguny, Olam “Ata kespi ogluna halal” Emma meniñ kesbim çopançylyk däl...
Döredip sahnada çopanyñ keşbin, Wasp edip kakamyñ bu halal kesbin, Ähli kynçylykdan gelerin üstün, Çünki halalzada çopan ogly men, Başarjak kärini tapan ogly men.
Teswirler 1
Bizemä hem çopan hem sahnada bolyas yone beydip men sahnada diyip gygyramzok
29 Янв 2023, 00:13
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş