Запись - Käbir pursatlary yzyna dolap bolmaýar.

Käbir pursatlary yzyna dolap bolmaýar.

Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryn uçmagyna bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy.Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başgabir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady. Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:”Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýöne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan: ”Indi bu edepsizadam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi. Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypdy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, oladama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýenebir gezek göz ýetirdi:
Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1- Daş zyňylandan soňra;
2- Söz agyzdan çykandan soňra;
3- Pursat gaçandan soňra;
4- Wagt geçenden soňra.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş