Запись - Degişme goşgy

Degişme goşgy

Degiśme gośgy

Dostlar şeyle bir waka, 
bolup geçdi arada.
Menem gurruň bereýin
Size şonuň barada...

Gaty garagoldym men,
Öňler mekdep ýyllary.
Käşgä gaýtaryp bolsa,
Ol bagtly gunleri.

Gaýgy ýok, alada ýok,
Bolmasa bor ikilik.
Ikilik alaýsamam
Ýitäýýärdi gündelik.

Mugallym unutyança,
Tapmazdym gündeligi.
Bilmen kimden owrendim 
Men beýle mekirligi.

Gyzlara gün bermezdim,
Lakamymam meñ "tilki"
Gezerdik kowalaşyp
Yüzde hakyky gülki.

Görsem gülüp ölerdim,
Klasdaşym Maýsany.
Gülerdim men degsede
Şarpykdan birki sany.

Peýda boldy gündelikde
Ilkinji 5lik sany.
Labyzly aydyp berdim
Goşgy ''kirli Maýsany''

Dillere dessan boldy,
Goşgymyz kirli Maýsa.
Yenede agladardym,
Maýsajyk ýaşyn goýsa.

Maýsa irden gelende,
Klasam gülüşýàndir.
Menem gygyryp diýýän"
Ýene suwa düşmändir.

Peýda etmedi maña,
Ursada oñ kakasy.
Ýene aglap barardy,
Öylerine Maýsasy.

Akyl berip ejesi,
Köp gürlär äjür-büjür.
"Akyl bermede gowsy
Gyzyňy suwa düşür"

Diýip gaçyp giderdim,
Men onuñ ejesinden.
Gaharlanardy olam
Ot çykar depesinden.

Ejemjanam käýedi...
Kakamjanam käýedi...
Hemmelerem käýedi... 
Meñ dilimde şondada
Maýsajyk kirlijediii.

Ine şeydip Maýsajan,
Mekdebe gelmez boldy.
Güler yüzli Maýsanyñ,
Yüzüde gülmez boldy.

Täsir etmedi maña,
Olar näme etsede.
Maýsany geçirdiler
Indi başga mekdebe. 

Klasdaşym Maýsany, 
Şondan soñ hiç görmedim.
Ýyllar gelip-geçip dur
Men bolsa düzelmedim.

Ol günler unudyldy 
Gutardygam mekdebi.
Kimlerä işe girse
Kim artdyrýar bilimi.

Menem ine işläp ýörün
Bir awtoýuwalgada.
Maşynlaram üýşüp dur,
Gutarman duralgada.

Hergün öýe gaýtyan
Agşamrak işden ýadap.
Aýakdada ulag yok,
Gaýtmaly pyýadalap.

Ine şeýle bir günde,
Sataşdym men bir gyza.
Gözümi alyp bilmän
Düşüp gitdim men yza.

"Saklan, a gyz" diýmäne
Dil barmady birhili.
Hemem işden gelensoñ
Üsti-başym kirlidi.

Öñümden yörap barýar 
Şeyle bet figurasy.
Kimem bolsa bu gyzyñ 
Gelmedi hiç durasy.

Birden durup ýañky gyz
Bakaýmazmy yzyna.
Endamym tikenekläp 
Men ýykyldym dyzyma.

Ynanmarsyñyz dostlar,
Bu şooool Maýsa kirlidi.
Üstbaşym gorüp olam
Bir nejis kikirdedi. 

Diydi "ýuwaýmaly eken 
Üstibaşyñ hapasyn" 
Gaharyma geläýdi
Gulagyna ýapasym. 

Diýdim "Adam boldyñmy 
Üstbaşyñ kirin yuwup?" 
Diyip: "özüñe seret!"
Gitdi ol ýüzün sowup.

Uky girmedi meniñ 
Uzak gije gözüme. 
Men şeylebir ökündim 
Aýdan herbir sözüme.

Aah dostlarym, dostlarym 
Men nämeler edäýdim.
Gülüp, indem kirliniii 
Çyn ýürekden söýäýdim. 

Şeydip hergün Maýsanyñ 
Düşüp gezdim yzyna.
Goşgular aýdyp berdim
Çöküp onuñ dyzyna.

"Hawa ýa-da ýok diýip
Belli külli jogap ber!!!"
Diýemde Maýsa gülüp
Diýdi '' suwa düşüp gel''

Şeýdip hemmäñ içinde,
Gitdi üstümden gülüp. 
Aytdym ''kirli Maýsany ''
Menem dyzyma çöküp. 

Ahyr birgün men däli
Samsyklap gaharyma.
Ýapyşaýmarynmy
Maýsanyñ ýakasyna.

"Indä maña aslada
Razy bolmaz bu Maýsa"
Diýsem gaýta gondurdy,
Ýañajygma bir posa.

"Razy" diýdi ol maña 
Diýdi maña "süýjijäm"
Begenjime aljyrap
Diýmerinmi "kirlijäm"

Şeýdip ilkinji günden
Başladyk öýkeleşip.
Ýöne soňlar öwrenşip
Gezdik biz jürküldeşip.

Birgünem jürküldeşip 
Otyrkak jüpbüldeşiiip.
Geläýmezmi agasy
Bilmedim gaçyp yetişip.

"Gaharlanma bratok,
Iberjek men öýümi"
Diýsemde diňlemäni
Gapyp gitdi gözümi.

Iberdim ejem dagyny
Derrewjik öýe baryp.
Olaram kowupdyrlar
Arkalarna it salyp.

"Ne onuñ bilimi bar,
Ne arassa işi bar"
Dýip onuñ kakasy, 
Edipdir maña gahar.

"Gyzym ýokary bilimli,
Işem bar arassaja.
Ol bolsa işläp yörmiş
Bir awtoýuwalgada" 

Ejeside ejeme,
Köp gürläp äjür-büjür. 
Diýipdir "bar sen gowsy
Oglyňy suwa düşür.

Ine şeýdip dostlarym, 
Bermediler Maýsamy.
Eýýäm on gün göremok
Küysedim kirlijämi.

Ýalñyşmy ýa dogrymy
Tapawudy yok maña. 
Diýselerde "bermäge
Gyzymyz ýokdyr saña" 

Menem şool öňki garagol
Menmi heýde boş durjak.
Dostlar kirli Maýsamy
Men şugun ALYP GAÇJAK))))
Teswirler 1
Manzella
17 Мар 2024, 10:10
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş