Запись - Toý tutuşymyň hekaýasy

Toý tutuşymyň hekaýasy

Salam hormatly okyjylar. Bilişimiz ýaly şu saýtda blok paýlaşmak tabşyrygy bar eken. Şol tabşyrykdan ugur alyp,  men şu blogy açdym.  Ilki bilen pikirlendim. Nähili blok ýasasamkam diýip. Onsoň kelläme bir pikir geldi.  Men bu yerde öz başymdan geçen bir wakany gürrüň bereýin.
   2022-nji ýyldy. Fewral aýy. Ýaşymam 24-e golaýlap gelýärdi. Öýlenmeli, çaga-çuga garyşmaly.  Indi öz maşgalaňy gurmaly. Aý, näme? Aýagyň aşagynda ulag bar, iş bar. Aýratyn hojalyk bolmagyň wagty gelipdi.  Ýöne welin, şu karantin diýen bir bela hiç hili ýol berenokdy. Ulaldygyça uzalyp barýardy. Sabyr-takat gutarýardy. Oturdym, pikirlendim. Görýän welin karantin wagtynda hemmeler gizlin toý edýärler. Az adam bilen, arzanrak toý edip bolýar. Menem gizlin toý etmegiň ugruna düşdüm.  Köçede toý etsek, sesler eşdiler,  toý tutýandygymyz belli bolardy. Şonuň üçin hem menem baryp bir toý mekanyň eýesi bilen gürleşdim. Ol maňa toý mekanyň ýapykdygyny aýtdy. Ýöne maňa nädip toý etmek hakynda maslahat berdi. Şo toý mekanyň eýesiniň öýi bar eken. (Haýsy toý mekandygyny we adresi aýdyp oturjak däl) Şäherden çykan ýerde bir hususy jaý. Uly howlusy bar. Howlynyň içi edil toý mekan ýaly edilip bejerilen. Bahada ylalaşdyk.  Garaz toýa başladyk Nowruz baýramdan soň, oraza başlamanka toý etdik. Ýöne gyzykly ýer indi başlanýardy.
    Toý mekanyň eýesi şo ýerde hiç hili nägileligiň çykmajakdygyna kepil geçdi. Bagşy-sazandalar, suratçylar,  myhmanlar geldi. Gowja toý tutdyk. Şatlygymyza şatlyk goşupdyk. Toý sagat 16-dan 19:00-a çenli boldy. Onsoň öýe gaýtdyk welin, yzymyzdan yzarlaýanlar bar eken. Gelin tarap öýli öýne gitdi. Biz tarap biziň öýe gaýtdy. Gelnaljy öýe geldi. Däbe görä täze gelini göterip, oduň daşyndan aýlamaly. Ulagdan düşdük, deprekler çalyp başlady. Gelni ýaňy galdyrmaga hyýallandym weli, ýaňky deprekler durdy. Iki sany ak maskaly adam, elinde Radiosy, biriniň elinde surat apparat. Toýy sakladylar. Özlerini tanyşdyrdylar. Biziňkilerem biraz içgililer ýaňky gelenlere yrsarap başladylar. Bular öňden bir awtobus taýýarlap goýupdyrlar. Jaň edip, köçäniň başynda duran awtobusy we ýanynda UAZ-ikde polisiýanyň işgärlerini çagyrdylar. Olar geldi, hemmämizi awtobusa saldylar. Gelnim bilen men bolsa gelnaljyda bölüme bardyk. Jerimeler ýazyldy, toý ýapyldy. Birtopar gep eşitdik. Şonda wezipesi ulurak bolan biri bize kimiň satandygyny aýtdy. Biziň bir içigara goňşymyz bar eken. Bolmasa toýa-da çagyryldy. Geldi, tans etdi. Ýöne şonda-da satypdyr.  Şu, köneler Ýöne ýere aýtmaýan ekenler ,,Ýer alma goňşy al" diýip. Aradan 3 Aý geçdi welin, karantin hem gutardy, toýlaram başlady. Sabyr eden maksadyna ýetýän eken. Indi biziň bu edenimiz kimler üçin dogry, kimler üçin ýalňyş. Galanyny hem öz pikiriňizi negatiw bolsa hem teswirlerde beýan edäýiň. Şony paýlaşaýyn diýdim.
Teswirler 1
Bahbit bolsun
17 Фев 2023, 00:14
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş