Запись - Ak gar deý...

Ak gar deý...


Ak gar deý ahlagym agardyp bilsem
Ýagşylyk ugrynda etsem köp pikir
Ilkinji nobatda Allahym diýsem
Seniň her edenňe yüzde müň şükür

Ak gar deý terbiýäm agardyp bilsem
Ýaman düşünjeden çekýärin ejir
Dertden ýalňyz başym agyrtdyp bilsem
Şol dertleriň maňa gelenne şükür

Ak gar deý ömrümi agardyp bilsem
Dünýäň kynçylygna bolmaýyn mekir
Bir hakyň ýolunda duzaga ilsem
Kömek edip meni alanna şükür

Ak gar deý durmuşym agardyp bilsem
Bolup bilseň Mekan Ýagşylyk bitir
Ahyrky demimde imanly ölsem
Ýaradanym saňa ýüzde müň şükür

09.01.2023
13:07

Mekan BÄŞIMOW
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş