Запись - Ýük bolmaýyn

Ýük bolmaýyn

Dilegim bar, beýik Tañrym!
Söýülmesem, ýük bolmaýyn.
Aýyp işler etsem ogryn,
Düzeleýin, çep bolmaýyn.

Kändir munda dünýe maly,
Her haýsyndan alar ýaly,
Ýamanlyga ýarar ýaly,
Nadanlara, nep bolmaýyn.

Her çukury görsem başda,
Kämilleşsem juwan ýaşda,
Däli köñlim düşse yşka,
Ala-gohly, dep bolmaýyn.

Käte ejiz, däli göwin,
Höwes eýläp etmez oýun,
Kynçylyga bolsa boýun,
Gerekmejek, sep bolmaýyn

Barly eýle bu janymy,
Iman atly dükanymy,
Ýalñyzlykda Mekanyñy,
Halas eýle, tek bolmaýyn.

Mekan BÄŞIMOW
Teswirler 1
Tüweleme
3 Мар 2023, 20:55
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş