Запись - Kim bilýärkä?

Kim bilýärkä?

Şu aşakdaky haýwanlaryñ çagasy nähili atlandyrylýar:

Sygryň çagasyna -
Goýnuňka -
Itiñ çagasyna -
Düýäňkä -
Atyň çagasyna -
Pisigin çagasyna -
Garlawajyň, gumrynyň, bürgüdiñ... ýumurtgadan çykan ýeleksizje çagalaryna -
Gurbaganyň çagasy -
Eşegiň çagasy -
Geçiniň, keýigiň çagasy -
Goýnuň çagasyna -
Ýolbarsyň çagasy -
Ýylanyň çagasyna -
Tlilkiniñ çagasyna -
Şagalyñ çagasyna -
Möjegiň çagasyna -
Teswirler 4
hai do sen kellane...
17 Мая 2023, 11:57
0
Biz kiçilikden sygryň çagasyna “göle”, goýnuňka “guzy”, itiň çagasyna “güjük”, düýäňkä “köşek” diýilýänini bilýäris. Atyň çagasyna “taý, taýçanak” diýilýäninem çeper eserlerden okaýarys. Emma pişigiň çagasyna “gijen” diýilýänindigini bilmeýändigimiz üçin “pişijek” diýýäris, garlawajyň, gumrynyň ýumurtgadan çykan ýeleksizje çagalaryna-da “guşjagaz” diýeris. Ýöne olara, hat-da bürgüdiň çagasyna hem “etene” diýilýär.

Itbalyk-gurbaganyň çagasy.

Kürre-eşegiň çagasy.

Owlak-geçiniň, keýigiň çagasy.

Guzy-goýnuň çagasyna aýdylýar.

Şirbeçe-ýolbarsyň çagasy.

Ýylanyň çagasy “ýylançyr” diýip atlandyrylýar, tilki çagasy “ýylpyz”, şagalyň çagasyna “tula”, möjegiň çagasyna “üzit” diýilýär
3 Апр 2023, 16:53
2
The_Ahmedovaaa
ответил(-а) Kicijik_shazad

Aha :)

3 Апр 2023, 23:20
Показать все ответы 2
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş