Запись - Gülşirin Hanowa-Törüňi dolduryp otyrka ejeň

Gülşirin Hanowa-Törüňi dolduryp otyrka ejeň




Şowludyr ädimiň,daş ýarar bagtyň,
Dileginde dertleri sowular geçer.
Düşün! bu dünýäde iň hezil wagtyň,
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Mydam "jan" sözün goşar adyňa,
Garramak ulalmak düşmez ýadyňa.
Mundan başga näme gerek adama?
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Märekäň-märäke,toýuň-toý bolar,
Sanawda sanlysyň,Öýüň öý bolar.
Ýeke özi müň dossuňa taý bolar,
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Alaja bag dokar,dilegidir ol,
Garagolsyň,galkan ýüregidir oň.
Hakyň ýere gonan melegidir ol,
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Seň üçin ýaşaýar,özünden ilki,
Ýylgyrşyň ýaz bolar,gülkiňem-gülki.
Şundan uly bagt ýokdyram belki,
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Ejeň bar,gadamdan galmaýar dogum,
Ejesiz gözleriň uçgyny öçer.
Her ýaşda bolsaňam bal gyz,jan ogul,
Törüňi doldyryp otyrka ejeň.

Ömrüňi çolardyp gitmesin hijem,
Dünýäňi doldyryp otyrsyn ejeň.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş