Запись - Ilkinji paraşýut

Ilkinji paraşýut

Taryhda ilkinji paraşýuty 1480-nji ýylyň başlarynda Leonardo da Winçi oýlap tapypdyr diýilýän hem bolsa, ol aslynda diňe teoretiki tarapyny işläp taýýarlapdyr. Paraşýut bilen baglanyşykly pikirini amala aşyrmandyr we hiç hili barlag geçirmändir.

Paraşýutyň uçuş barlagy ilkinji gezek fransuz fizik Lui Sebastiýan Lenormand tarapyndan 1783-nji ýylda amala aşyrylypdyr. Ol şonda bir uly agajyň üstünden iki sany saýawan bilen böküp, rahatlyk bilen ýere düşüpdir. Sebastiýan Lenormandyň böküşinden 14 ýyl geçenden soň, 1797-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda fransuz Andre Garner bize mälim bolan häzirki paraşýut bilen özüni asmandan oklap, ýere gonmagy başarýar.

Emma käbir taryhy çeşmelerde bu barlaglardan has irki döwürde, ýagny biziň eramyzdan öňki 90-njy ýyllarda hytaýlylar tarapyndan paraşýutyň uçuş barlagynyň geçirilendigi barada-da maglumatlar bar.

Çeşme:

1.Trower Gomer, “Ilkinjileriň kitaby”.

2. Internet maglumatlary.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş