Küşt oýuny milady IV-V asyrlarda ilkinji gezek “Çaturanga” ady bilen Demirgazyk Hindistanda oýnalyp başlanypdyr. Hindilerden soňra bu oýun Eýranda oýnalyp başlanýar. Musulman araplaryň Eýran topraklaryny basyp almagynyň netijesinde bolsa küşt oýuny musulman dünýäsine ýaýrapdyr.
***
Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda oýnalyp, ol 20 sagatdan gowrak dowam edipdir. Oýnuň dowamynda 269 göçüm edilip, ol deňe-deň tamamlanypdyr.
* * *
Ilkinji iri möçberli küşt ýaryşy 1575-nji ýylda Madridde ispan koroly Filipp II-niň howandarlygy bilen geçirilipdir.
* * *
Küşt oýnunda her tarap üç göçüm edeninden soň, mümkin bolan göçümleriň örän köpdügi anyklanypdyr.
* * *
Küşt oýnamaga ukyply ilkinji kompýuter programmasyny 1958 – 1959-njy ýyllarda Massaçusets tehnologik institutyndan Aleks Bernşteýn taýýarlapdyr.
* * *
Häzirki wagtda küşt oýnalanda, ýörite sagatlar bolup, olar göçümiň çalt edilmegine ýardam berýär. Ilkibaşda bu tejribäniň bolmandygy sebäpli, küştüň başynda oýunçylaryň uka giden wagtlary-da az bolmandyr. 1851-nji ýylda küşt ýaryşlarynyň birinde oýunçylaryň ikisem oýnuny gutarman uklap galypdyr. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, iňlis Tomas Uilson ýörite wagt hasaplaýan mehaniki sagatlary oýlap tapypdyr.
* * *
Psihologlar küşt oýnamagy adamyň ýadyny ösdürmegiň ygtybarly usuly hasaplaýarlar. Şeýle-de bu oýun çylşyrymly meseleleri çözmäge, täze pikirleri orta atmaga hem ýardam berýär.