Запись - Ilkinji çaý

Ilkinji çaý




Taryhda ilkinji çaý, Hytaýda b.e.öňki 2737-nji ýylda döräpdir. Rowaýata görä Hytaý imperatory Shen Nung tarapyndan gullugyndakylara bir gysym ýaprak çöpledilip, gaýnadyp içgi ýasadylmagy bilen oýlap tapylypdyr. Imperator, bu içgä çaý diýip at dakypdyr. Taryhy maglumatlara görä biziň eýýamymyzyň 618-906-njy ýyllar aralygynda Hytaýda höküm süren tan nesilşalygy döwründe çaý iň köp içilýän içgi bolupdyr.

Biziň eýýamymyzyň 850-nji ýyllaryna degişli bolan arap taryhy çeşmelerinde çaý hakynda agzalyp geçilýär. Ýewropa materigine çaý ilkinji gezek 1560-njy ýylda Žasper de Kruz tarapyndan getirilip, tanadylypdyr.

Amerikanyň ýaşaýjylary 1650-nji ýylda Gollandiýaly täjir Peter Stuýwesantyň satyp başlamagy netijesinde çaý bilen tanyşypdyrlar.



Çeşme:
1. Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».
2. Internet maglumatlary
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş