Запись - Ilkinji güneş äýnegi

Ilkinji güneş äýnegi

Ilkinji güneş äýnekleri güneşden, gyş günlerinde bolsa gar we buz böleklerinden goranmak üçin dakynylypdyr. Şol döwürdäki äýnekleriň ýönekeýje şekili haýwanlaryň süňklerinden ýasalypdyr. Süňkleriň aralygynda kici deşijekler goýulupdyr we süňkleriň gapdal gyralaryna halka şekilli ýüpler birikdirilipdir. Halka şekilli ýüpleri gulaklaryň arkasyndan geçirilip özlerine rahat görnüşinde dakyp ugrapdyrlar. Güneş äýnegini ulanan ilkinjileriň biri rim imperatory Nerodur. Onuň dakynan äýnegi süňkden däl-de, garamtyl aýna şekilinde bolupdyr. Nero äýnegi gladiatorlaryň (sirkde ýabany ýyrtyjylar ýa-da başga bir pälwan bilen söweşmek üçin harby ýesirlerden ýörite taýýarlanan pälwan) söweşlerine seredende dakynypdyr.

Mundan başga-da güneş äýneklerini ulanan ilkinjileriň biri hytaýlylardyr. Şol wagtda ulanylan äýnekler günden, sowukdan goranmak maksady bilen ulanylsa-da soňky ýyllarda olar bezeg görnüşinde hem dakylypdyr. 1280-nji ýylda Italiýada döwrebaplaşan äýnekler öndürilip başlanylýar. Iki aýry aýna böleklerinden ybarat bolan bu önümiň daşy demir bilen örtülipdir.Aýry aýna bölekleri burnuň üstünde deňagramlylykda durar ýaly köpürjik görnüşünde demir bölegi bilen aýlawlanylýar.

1752-nji ýylda Angliýaly James Ayscough tarapyndan göz ölçeginde bolan gök hem-de ýaşyl reňkli göz linzalar oýlanylyp tapyldy. Aslynda gün şöhlesinden goranmak üçin tapylan bu göz linzalary wagtyň geçmegi bilen bezeg görnüşünde we medisinada göz göreçligi pes bolan adamlar hem ulanýar.

1960-nji ýyllarda “Hollywood” ýyldyzlarynyň kinofilmlerde güneş äýnekleri bilen çykyş etmekleri, äýnekleriň satylşynyň artmagyna getiripdir. Şondan soňra häzirki wagta çenli güneş äýnekleri bezeg üçin we günden goranmak üçin halk köpçüligi tarapyndan giňden ulanylýar.



“Zenan kalby”
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş