Запись - Saýawanyň taryhy

Saýawanyň taryhy




Hemmämiziň bilşimiz ýaly, güneşli günlerde ýiti şöhlelerden goranmak üçin saýawan ýa-da güneş äýneklerini ullanýarys. Emma saýawanyň we äýnegiň nireden hem-de nähili maksat bilen adamzat durmuşyna ornaşanlygy hakynda habarymyz ýok. Geliň žurnalymyzyň şu sanynda saýawanyň hem-de äýnegiň taryhy bilen tanyş bolalyň.

Aslynda taryhda saýawany ýagyşdan, çygly howadan däl-de, günüň güýçli şöhlesinden goranmak üçin oýlanylyp tapyldy. Saýawan sözi ýagny, ,,umbrella’’ Latyn sözünden gelip ,,umbros’’ kölege diýen manysy bar. Günden goranyjy ilkinji saýawanlar 4000 ýyl mundan öň gadymy Müsürden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Ilkinji saýawanlaryň ýasalyşy ýönekeýje bolupdyr. Saýawan 2 gatlakdan ybarat bolup, onuň ýokarsy palma agajynyň ýapragyndan ýagny günden goraýjy, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan ýasalypdyr.

Saýawanlar ilki-ilkiler baý, ýokary gatlakdan bolan adamlar hem-de patyşalar tarapyndan ýörgünli ulanylypdyr. Haçan-da patyşalar ýörän wagtlary günden goraýjy hökmünde saýawanlar tutulypdyr.

Ilkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Ol saýawanlar ýüpekden bolup gurply maşgalalar tarapynda ulanylypdyr. Soň-soňlar bu saýawanlar Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyna ýaýrapdyr. Şol ýyllarda gadymy Gresiýada hem-de Italiýada saýawanlar aýal-gyzlar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Ýöne şol döwür bu saýawanlar baý adamlar tarapyndan ulanylsa-da olary hyzmatkärler göteripdir. Käwagtlar ýiti gün şöhlesinden goranmak maksady bilen saýawanlar at goşulgy araba ýa-da paýtuna birikdirilipdir.

XVI-XVII asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda saýawanlar ählitaraplaýyn ýaýrap başlapdyr. Şol döwrüň saýawanlary ýüpek, deri, ýelek we gymmatbahaly meteriallardan öndürilipdir. XVIII asyrdan başlap, ýagyş damjasyndan goranmak üçin saýawanlar gündelik durmuşynda diňe bir zenanlar däl-de erkekler tarapyndan hem ulanylypdyr. Tehnologiýanyň, önümçüligiň ösmegi netijesinde täze önümler satuw bazarlaryna gelip başlaýar. Olardan ýörite günden goranmak üçin başgaplar çykyp ugraýar. Şeýdip gün saýawanynyň deregine başgaplaryň çykanlygy sebäpli saýawanlar ýagyşdan goranmak maksady üçin ulanylýar.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş