Запись - Ýolyşygyň reňkleri näme üçin gyzyl, sary we ýaşyl?

Ýolyşygyň reňkleri näme üçin gyzyl, sary we ýaşyl?




Ilkibada ýolyşyklar ulanylmaga başlananda, demirýollardaky otlynyň gözegçiligi üçin bar bolan yşaratlar ulanylypdyr. Şol wagtlar gyzyl reňk “dur” diýmegi aňladýardy.

1830-njy ýyllarda demirýollar adam durmuşyna aralaşanda, “duýduryş” yşygynyň reňki ýaşyl, “geç” yşygynyň reňki bolsa ak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňkiň yşaraty birnäçe meseleleri ýüze çykarypdyr. Ak reňkli “geç” yşaratyny köçäniň beýleki yşyklary bilen garyşdyrypdyrlar. Has kyn ýagdaýy bolsa, “dur” yşaratyna goýlan gyzyl linzalaryň mahal-mahal ýere gaçmagy yşygyň ak reňke öwrülmegine getiripdir we “geç” yşaraty hökmünde kabul edilip, heläkçilige ýol açylypdyr. Şeýlelikde, demirýolçular gyzyl reňki “dur”, saryny “duýduryş”, ýaşyly bolsa “geç” yşaratlary hökmünde ulanmaga başlapdyrlar.

Diňe atlaryň we at arabalarynyň ýöremegine garamazdan, garaýollarda hem ýol hereketi birnäçe meseleleri orta atypdyr. Ilkinji ýolyşyklar awtoulaglaryň çykmazyndan birnäçe ýyl ozal, 1868-nji ýylda Londonda ulanylypdyr. Tebigy gazyň kömegi bilen yşyklandyrylan gyzyl we ýaşyl reňkler bir ýyldan soň partlap, daş-töwerege zyýan ýetirendigi sebäpli, bu usuly aradan aýrypdyrlar. Ahyrsoňy ýolyşyklaryň demirýollardaky ulanylyş usulyny garaýollarda hem peýdalanyp başlapdyrlar. Häzirki wagtda ulanylýan ýolyşyklar bolsa ABŞ-nyň raýaty Garrett Morgan tarapyndan kämilleşdirilipdir. 1914-nji ýylda ilkinji barlaglaryna başlan Morgan 1923-nji ýylda öz işine patent alýar. Morgan 1963-nji ýylda patentini 40 müň amerikan dollary möçberinde “General Electric” firmasyna satýar. Morganyň kämilleşdiren ýolyşygynda gyzyl we ýaşyl reňkler bolup, “duýduryş” yşaratyny aňladýan sary reňk birnäçe ýyldan soň goşulýar we dünýä ýüzüne ýaýraýar.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş