Запись - Mekdebiň öňünde elinde güli.

Mekdebiň öňünde elinde güli.

Mekdebiñ öñünde elinde güli,
Garşylaýar tanamaýan ogluny.

Mundan ýedi ýyl öñ, ýazypdy ykbal,
Ýazdy, oña bendiligi, tümligi.
Görkezdi ajysyn, öñkiden beter,
Agyr degdi oña enäñ ölümi.

Yzyny saklajak ýaş gelin bolsa,
Özgä beripdi, mährin, gujagyn.
Gelni taşlap gitdi zürýadyn alyp,
Çalyşypdy, mähir berjek ojagyn.

Wagt bolsa geçip dur, sekundyn sanap,
Şeýdip, tümlikde ýedi ýyl ýaşady.
Geleninde garşy aldy, boş öýi,
Ýaş akmadyk gözlerine ýaş doldy.

Mährini küýsedi, görmek isledi,
Bagryna basasy geldi perzendin.
Ol.
Mekdebiñ gapysynda garaşdy,
Görmek üçin tanamaýan zürýadyn.

Garaşýar, sowgatly, elinde güli,
Garşlylaýar, tanamaýan ogluny...

Remezan Mämetgurbanow.






Teswirler 1
Çeper ýazylypdyr
31 Окт 2022, 11:21
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş