Запись - Kakyp geldim..

Kakyp geldim..

Kakyp geldim bu jahanyñ gapysyn,
Maña-da berdiler nobat petegin.
Garaşyp otyryn, öz ornum tutup,
Gorkýanym, synagdan nädip öterin.

Kän eken, nobatda duranlañ sany,
Ýakyndan tanadym birnäçesini,
Gyzygyp has içgin öwrenşenlerim,
Nobat ýetdi.
Taşlap gitdiler meni.

Gyýyldym, gynandym, gidenlere men,
Öwezini doldy, ýene kän kişi.
Her gezek, şol gapy açylan wagty,
Hoşlaşdym, hoşlaşman galmanym ýagşy.

Ýekän-ýekän aramyzdan sogrulyp,
Gidýänler, yzyna gelenok gaýdyp.
Menden soñ gelene berýärin gürrüñ,
Menden öñküleriñ kyssasyn aýdyp.

Sagbolym kän...
Salam diýýän gelene,
Elimde-de bolsa nobat petegim,
Ýene biri kakyp geldi gapyny...
Ornum bersem...
Nobatymda giderin...

Remezan Mämetgurbanow
05.10.2022ý.




Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş