Запись - Odessa - ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Odessa - ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi




Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO - Ukrainanyň port şäheri bolan Odessanyň taryhy merkezini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek kararyna gelendigi habar berdi.

ÝUNESKO - edebiýatda we sungatda uly yz galdyran we rowaýata öwrülen şäher bolan Odessanyň goralmagyny üpjün etmek baradaky umumy karary hem kabul etdi. Eger adatdan daşary ýagdaýlar bolup şähere zeper ýetirilen ýagdaýynda ähli mümkin we zerur bolan kömegiň beriljekdigini guramanyň degişli hünärmenleri mälim edýärler.

Odessa – Ukrainanyň günorta-günbatarynda, Dnestrden takmynan 31 km uzaklykda, Kiýewiň demirgazygynda we takmynan 443 km günortada ýerleşýär. Şäher Gara deňziň kenarynda ýerleşip «Gara deňziň merjeni» diýlip tanalýar.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş