Запись - Oñuşup ýaşa ( ene öwudi)

Oñuşup ýaşa ( ene öwudi)

Gyzym, söýgi ýokdur diýemok saña
Isle ýürek berip ha:laşyp yaşa
Atasy öý bolup gerek zat bize
Baran ojagyña g:aryşyp yaşa

Bir elde ýag bolsun bir elde elek
Gaýynyñ kalbynda mähirli ýer et
Öýüñe, howlyña, köçäñe seret
Indi özüñ üçün azajyk ýaşa

Bahym bir maşgalan taze gelini sen
Bize käte geläý zol, zol gelme sen
Köp ýükleri almalysyñ egne sen
Täze dünýäñ bilen göreşip yaşa


Ädýärsiñ ädimi sen durmuş yola
Agzybirligiñizi hemişe gora
Gaýynyñ Ejeñ bolsun, baldyzyñ jora
Arzuw islegleriñi geñeşip yaşa

Abraýymyz saklap ulydan ýaşyn
Gulak goýup oloñ däbine goşul
Sähelçe zat üçin göterme goşuñ
Mydam olor bilen oñuşup yaşa!


Awtor: Şanazar Hydyrow

Teswirler 3
msmsmsmsms
13 Апр 2023, 10:00
0
Sagbol
13 Апр 2023, 10:00
0
zor gosgyeken
13 Апр 2023, 10:00
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş