Запись - Eje daş ýagýar (bolan waka)

Eje daş ýagýar (bolan waka)

EJE DAŞ ÝAGÝAR"

Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir mekdebe gatnap başlan wagtlarymdyr. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , kondisioneriň aşagynda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip, penjireden daşaryny synlajak bolýardym. Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:
- Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy. Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady. Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Ejemjana bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek,
şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ...

Bolan waka esasynda ýazyldy

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş