Запись - Ölümiň kenarynda (bolan waka)

Ölümiň kenarynda (bolan waka)

Ine birdenem ýel turup başlady. Tolkunlar gitdigiçe ýokary galyp pelkany öz ugruna alyp gitjek bolýardy.Han bar güýji bilen akymyň garşysyna kürekleýärdi.Jumageldi bolsa ýaňy gurup başlan tory gurjagynam,aýurjagynam bilmeýärdi.Ýöne garaşyp durara salym ýok.Pelkanyň içi suwdan dolup barýar.Jumageldi Hana gygyrdy:
-Han akyma tarap ýüz
Han şonsuzam bar güýjini jemläp tarap ýüzýärdi.Duýdansyz gelen dag ýeli halys maý bermeýärdi. Esasanam kanalyň erňegi bolansoň hasam güýçli bolýardy.Tolkunlar bat bilen gelip , pelkanyň içini suwdan dolduryp barýardy. Jumageldi aljyrap näme etjegini bilmedi. Tory gurmanada, aýyrmanada wagt ýokdy. Ol tory taşlap ,pelkanyň öňüne geçip:
-Han pelkäň suwuny boşat -diýip gygyrdy.Han küreklerini taşlap haýdap pelkanyň içindäki suwlary daşyna çykaryp başlady. Suw pelkanyň ýarysyndan ýokaryk geçipdi.Eger Jumageldi az-owlak garaşan bolsa pelkanyň içi suwdan dolup , kölüň aşagyna çümüp gitjekdi. Iň esasanam Hanam , Jumageldem suwda ýüzüp bilmeýärdiler.Olar hakykatdanam ölümiň kenarynda durdylar.

*   *   *

Oguldürliniň ýüregi bir zatlar syzýardy. Ol öýüň içinde arkaýyn oturyp bilmedi. Daşary çykdy. Görse ilerden güýçli dag ýeli başlapdyr. Ýel şuwlap belent baglaryň başyny aşak egdirýärdi. Köçäň ugry tozanlap öňüne gelen ýeňil-ýelpaý zatlary öz ugryna göterip alyp barýardy. Oguldürli :
-Obada şeýle ýel bar bolsa , köldäkiler näme işleýärkäler?- diýip oýlanýardy. Onuň göwnine her dürli erbet pikirler gelýärdi. Oguldürli öýe girip Jumageldä jaň etdi, ýöne jaňa jogap bomady. Indi ol hasam aladalanyp başlady. Ol näçe jaň etsede , jaňa jogap bolmaýardy. "Eýgilikmikä? Allajan eýgilik bolsunda" Ahyry ol Jumageldä sms ugratdy.
"Jumageldi nirde sen ? Obada ýel turýar , aňyrda ýel bolýarmy? Köldemi ýa daşynda otyrsyňyzmy?"

*   *   *

Hanyň azaby ýerine düşdi. Pelkanyň içindäki suw azalyp başlady. Ýöne ýel diňer ýaly däldi. Pelkanyň suwy azalansoň Jumageldi haýdap tory ýygnamana başlady. Ýene-de pelkanyň içi dolup ugrady. Jumageldi toruň sepine gelip:
-Han pyçagy uzat-diýip gygyrdy. Han bada-bat pyçagy Jumageldä berip , aýagaldygyna akymyň garşysyna ýüzýärdi.Jumageldi tory sepinden kesip :
-Galanyny ertir ýygnarys-diýip,pelkanyň öňüne geçip, suw çykarmana başlady.Ol Hana:
-Boldy Han, ýör çykaly sag-aman-diýip gygyrdy.Hanyňam gorkýanlygy sözlerinden,hereketlerinden bilip bolýardy.
-Galanyny ertir ýygnarysmy?
-Hawa
-Ýelem birden geläýdimi?
-Hawa , ýör çykaly sag-aman. Ýa gel suwyny aýyr özüm küreklärin
-Ýok,ýok özüm küreklärin.
Ýel gowşaman gaýta güýjeýärdi.Tolkunlar syçrap gelip üsti-başymyzy öl-myžžyk edipdi.Ine-de kanal tolkunlaryň has galýan ýeri. Han yzly-yzyna kürekleýärdi. Jumageldi kürekler göwüler öýdüp gorkdy.
-Han ýuwaşrak kürekläý , küregi döwäýme.
Han "Bolýar" diýip badyny azajyk gowşatdy. Jumageldi :
-Han akymyň garşysyna dälde beýleräge ýüzüber , bir ýerden çyksak bolýar .

* * *

Oguldürli aladadan ýaňa arkaýyn oturyp bilmeýärdi. Ol "Jumageldi jaňyny alanok. Näme işleýärkä? Daşarda-da ýel bolýar" diýip , çagalaryň üsti bilen gaýynatasyna duýdyrypdy. Gaýynatasy Jumageldä näçe jaň etsede , Jumageldi jaňyny almaýardy. Oguldürli azajygam bolsa özüni köşeşdirmek we aladasyny azaltmak üçin nahar taýýarlamana başlady. Ahyry Oguldürliniň telefonyna jaň geldi. Oňa Jumageldi jaň edýärdi.
-Alo
-Alo Jumageldi nirde?
-Şu wagt daşyna çykdym
-Çykdyňyzmy sag-aman?
-Hawa çykdyk. Entegem çöregimiz bitin eken. Allajan goraýdy . Ýogsara...
-Boldy,boldy , boldy et. Ýüregimi hopukdyrýaň.
-Bolýar çykdym ine bir sagatdan barýan
-Bolýar sag bol , sag-aman gel
-Bolýar sag bol

(Soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş