Запись - Aglaşdylar....

Aglaşdylar....

Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.

-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.

-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,

Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ýeter-ýetmezlikden diýişdi.
Anyk sebäbini bilýän adam ýok,
Myş-myş gybatlara, siñekler üýşdi.

Ýöne,
Gyz namysynam gorapdy,
Ýetmezçilikdenem çekmezdi nalap,
Kalbyna ot salan kiçijek haty,
Okap, geçiripdi gijesin aglap...
...Aglaşdylar.
Aglaşdylar ses edip,
Ýany bilen äkidipdi syryny.
Gybatyn etdiler, giden jesediñ,
Güman tutdy, hakykatyñ ýerini.


Remezan Mämetgurbanow.

01.10.2022ý











Teswirler 4
Ne gozel gyz
2 Ноя 2022, 12:23
0
Remezan kaka janyñyz sag bolsun!suwsap suw içen ýaly boldum,bu goşgyny kitapcy.ru da okap.oñat goşgy sany kän bolsun!
1 Ноя 2022, 23:25
0
Remezan
ответил(-а) Aksary

Minnetdar

2 Ноя 2022, 00:23
Показать все ответы 1
Estagfiralla
1 Ноя 2022, 20:07
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş