Запись - Palçyň huzurynda...bolan waka. Aldasam Hundaý ursun. +50 den geçse dowamynam goýjak.

Palçyň huzurynda...bolan waka. Aldasam Hundaý ursun. +50 den geçse dowamynam goýjak.

Salam gadyrdanlar. Işler oňatmy? Siziň baryňyzy ýürekden hormatlaýaryn, sylaýaryn, söýýärin diýsem s2 iýýändir öýtmäň. (Söýýärin sözi birazyrak artykmajrak boldy öýdýän. Sebäbi araňyzda erkek agzalaram bar. Hatda bu ýaşdan soň gyzlara söýýärin diýmegem birhili. "Degişmeden ýazan çynym" mowzugymy oka, düşünersiň).
Arada işdeşlerimiň biri bilen çaýhanada otyrkak (kafe, stalowoý ýaly, rus sözlerine allergiýasy gozgap, öňküdenem horlanýanlar üçin çaýhana diýýän, naharhana biraz pafosnyrak eşidilýär, näme üçindir) üýtgeşik gürrüň tapdy, bu zaňňar.
-Gelnime doga edilipdir, indem näçe günläp işdäsi ýok.
-Doga edilenini nirden bildiň?
-Aý, hol gün palça gitdim. Dost, göräýdä, hemme zady bilip otyr o.
-Nämäni bilip otyr?
-Gelnime doga edilenini, meň işleýän ýerimi, bizde çaga ýokdugyny.
-Iş eşiginde (bellenen iş formasy) barsaň bolmanam, bilerdä nirde işleýäniňi?
-Ýok dost, iş eşiginde däl, öýlenemdäki kastýum balagymy geýip bardym.
-Häý senem-ä, palçyň ýanyna gyýma balakly, zatly barylýar-a. Içiňdäki jyn-pyny çykarjak bolanda arkaýyn çykar ýaly.
-Şu gün senem äkideýin, boş bolsaň, görüp haýran galarsyň!
-Ýok sag bol, öýdäki giçden soň kassum balakda öýden çykarmaýar.
-Geläýdä dost, eňegiň gaçar görüp.
Ilki üns bermedigem bolsam, uzakly gün hälki palçy aňymda aýlandy durdy. Dogrudanam "Bitwa ekstrasensow"-däki Aleksandr Pahom, bilgiç Wedma-lar hakykatdanam bolaýsa. Gaty täsin. Muny görmän bolmaz. Ýeri bardyňamda, ondan näme sorajak? Bu ýyl liga çempiony kim alar diýjekmi? Real diýer, men muny Wedma-syzam bilýän. Ýer dogrudanam tekizmi? diýip soraýsam, onda seň derdiň bizlik däl, güýçli psihologa görün diýer belki?! Ýa palçylar hakynda mowzuk öň türkmen saýtlarda açylanmy diýip sorasam (biriniň ýazan zadyny gaýtalamalyňda, erkek bolalyň, bolup bolýan bolsa, bolmasa şu bolşuňyzam erbet däl), olam "howwa açylan" diýse, gowusy bilmediksirän bolaýaly.
Iş gününiň ahyrynda ýaňky dostuma jaň etdim.
-Agşam boş bolsaň, gümür-ýamyra baraýjakdym.
-Bolýar, geliber dost.
Garaňky gowy gatlyşdy. Menem dostumy görmek üçin (öýdäkiden rugsat alyp) maşynyma mündüm (Awtoulag kompaniýasy bilen "Reklama şertnamasynyň" möhleti gutaranlygy sebäpli maşynymyň markasyny aýtmakdan saklanýan). Bardym. Jaň etdim çykyber diýmek üçin.
-Ilki bir çaý-nahar edineli, onsoň gidäýeris.
-Gaty giç bolmanka gidäýeli, çaý-nahary soň iýäýeris.
-Bolýar, geýinip çykýan häzir.
Dostum köp garaşdyrman geldi. Palçy olaryň obasynyň çeträginde ýaşaýan eken. Palçy diýlende nähili adam göz öňüňize gelýär. Meň göz öňüm-ä öýünde hiç kim bilen gürleşmän ýeke özi bir otagda ýaşaýan, öýüniň içi tüsseden ýaňa biri-biriňi görüp bolmaýan, edil syganlar ýaly geýinen, boýnunda möjegiň dişi, ýolbarsyň dyrnagy, syrtlanyň nemesi, barmagymy, zady asylan, indeý milli folklor ansamblynyň agzasy bolan zenan gelýärdi.
Arzyly öýe bardyk. Ilki dostum baryp gapyny kakdy. Öýden bir gyzjagaz çykdy. Ejesiniň ýanynda häzir adam (klient) barlygyny aýtdy. Daşarda biraz garaşmaly bolduk. Soň bizi çagyrdylar. Öýleri o diýen däldi. Göwnüme bolmasa hemme zady bilýän adam willa-da ýaşaýjak ýaly welin...Aňyrky otagda 3-4 sany erkegiň sesi eşidilýär. "Akmämmet"-den gowy keýpini köklan bolmalylar.
Bize görkezilen otaga, palçyň huzuryna girdik ahyryn. Sygan kaýda, tüsse kaýda...Göräýmäge allanäme maşgala. Bir elinde kart, bir elinde tesbi bar diýmeseň, toýlaryň bezegi boljak görmegeý gelin.
Dostumy görenden guwançly ýylgyrdy (Illerden 5 manat alyp ýörensoň, dostum oň üçin öňem kän gezek "ýagly olja" bolan eken). Salam berip içeri girdik. Otyrys bir burçda. O gelinem näçe bildirmejek bolsa-da "awy oňany" daş widyndan mesaňa (bir-ä postaýannyý klient, birem ýene bir aňkow, Hudaý berende şeýdip berýär diýip pikir edendir içinden).
Dostum ilki meni görkezdi.
-Dogan şuň derdinede bir em edeweri.
Ol çalaja baş atyp, kartlaryny ýaýyp ugrady. Soňam tesbiň dänelerini çalt-çalt sanap başlady.
-Hmmmmm, seň derdiň-ä agyr doganym, seň ykbalyňda uly çyzyklar gutarýan eken.
-O näme diýdigiň bolýar? (Sen diýip ýüzlenip ugradym, sylaşyk zat ýatdan çykdy. Gutarýar diýse näme gutarýarka diýipdirin)
-Uly çyzyklar gutarsa ömrüň gutarany bolýar doganym!
Dünýä üstüme ýykyldy. Şu wagta çenli ölüm barada çynlakaý pikir etmändim. Göz öňüme çagalam, öýdäki, enem-atam, doganlam geldi. Entek etsem-petsemlem kändi. Entek bir goşgymam metbugatda çap edilenok. Dostumyňam ýüzi duw-ak.
-Beh, şeýdip öýlenmän, etmän 10 gülümden 1 gülüm ýyrşarman, gözüm açyp gidäýjekmikäm?
-Siz öýlenmedikmi?
-Ýok doganym.
-Bäh, Sizi gören adam agtykly, zatlydyr diýip pikir eder.
-Wah, ýaşaýşym agyr, ýogsa dagyn ýigrimi bäşiň dälijesi men (şol aýdymy dagyn şeýle bir ýigrenýän dost, ynanaý, şo aýdymy ýigrenişim ýaly diňe Messini ýigrenip bilýän). Näçeräk ömrüm galypdyr?
-40 güne ýetenok.

Dowamy bar...
Teswirler 2
Dowamyna garasyan. Islenende okadym barde teswir yazayyn
2 Ноя 2022, 23:00
0
Dowamyna garaşýan...
2 Ноя 2022, 20:12
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş