Запись - Durmuş nowellalary (roman)

Durmuş nowellalary (roman)

Durmuş nowellalary (roman)

Birinji bölüm

Ilkinji nowella

"Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok."

("Durmuş nowellalary" goşgymdan)

Ol gün howa bulaşyk bolupdy.Asmanyň ýüzi gara bulutlar bilen örtülip älem-jahan alagaraňky ýagdaýdady. Günbatar şemaly köwsarlap ýagyşyň ysyny berýärdi. Gap-gara bulutlar Güneşi bir eýýäm gizläpdi. Bu gün Jumanazar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Sebäbi bu gün Jumanazar ilkinji gezek öri meýdana goýun bakmana gitmelidi. Jumanazar bu wagt on üç ýaşyndady. Ol şu güne çenli hiç hili goýun bakyp görmändi . Dowarlary nirede otlatmaly , nirede suwlatmaly , hiç habary ýokdy. Hatda ol goýunlary nirede bakmalydygyny hem bilmeýärdi. Jumanazar goýunlary ýatakdan çykardyda olaryň yzyna düşüp gidiberdi. Goýunlar obanyň gaýrasyna çykdylarda , bir ýodajyk bilen ýöräberdiler. Jumanazar goýunlaryň yzyna düşüp barşyna ýodanyň gyrasynda ýatan ulyrak ýaşyl depdere gözi düşdi. Ol goýunlaryndan biraz daşlaşyp, ýaşyl depderi eline aldy.
-Bu nämekä?- diýip depderiň ilkinji sahypalaryny okap başlady.
-"Syrdaşym-gündeligim". Bä biriniň gündeligi öýdýän
"Durmuş manyly bolýar,
Undup kine gahary.
Duýgymyzy paýlaşmana,
Adamyň bar mahaly."
Özem men ýaly goşgy ýazyp bilýän adamyň gündeligi bolmaly.
Gündelik Jumanazary bada-bat özüne çekdi. Jumanazar gündelikden biraz ünsüni sowup töweregine garanjaklady. Hanha goýunlar has dogrysy goýunlary yzyna tirkäp barýan geçiler , şol ýoda bilen gaýralygyna tutdyrylyp barýardylar . Jumanazar dowarlaryň yzyndan ylgap ýetdi. Ol geçileri ýodadan sowup , günbatardaky otlyrak ýere kowdy. Geçiler bir ýerlere howlugýan ýaly eňip barsalarda , goýunlaryň bar aladasy otlurak ýer tapsa otlamakdy. Jumanazaryň bolsa bar aladasy elindäki ýaňy tapan gündeligi okamak boldy. Ahyry geçiler hem otlamana başladylar . Jumanazar gündeligi galan ýerinden dowam etdi.

-"Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr . Bu depderçäme men "gündelik" dälde "syrdaşym" diýip atlandyrasym gelýär. Sebäbi men onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp , ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy, şatlygymy, gaýgylarymy , ýylgyryşdyr-göz ýaşlarymy syrdaşym-gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.

Salam .

Salam syrdaşym! Gowymy ýagdaýlaryň ? Syrdaşymyň häzirlikçe gepläp bilmeýänem gowy zat . Sebäbi häzir men hiç gepletmän , öz içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär.Inhäde saňa hemsyrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.

Öwrenişmek.

Bä syrdaşyma ilki nämeleri gürrüň berip başlasamkam ? Bilýän , bir urugyp bildigim , yzynyň joş alyp gitjegini . Ýöne urugmak kyn. Bolýar başdan başlaýyn, ýagny çagalyk ýyllarymdan.

Ah çagalyk ýyllarym.

Çagalyk ýyllarymdan başlamakçydym. Aslynda çagalyk ýyllaryma gaýtadan dolanyp barmagy halamok. Ýöne Hudaýa şükür ol ýyllardan närza ýerimem ýok. Alla gowsuny bilýändir. Okyjylarymyň gyzyklanary ýaly durmuşymda ilki bilen çagalyk ýyllarymda bolup geçen täsin wakalary ýatlap geçeýin. Asla hakydamdan çykmajak , hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp . Olaryň ilkinjisi şu. Ýagny "Adamsypat gurçuk ýaly jandarlar".

Jumanazar gündeligi okadygyça okasy gelýärdi. Onuň içindäki wakalar, özem hakyky durmuşda bolan wakalar Jumanazary gitdigiçe özüne çekýärdi. OnýançadaJumanazar hool  kanalyň gaýrasyndaky , zeýiň boýunda bir topar oglanlaryň:
-Juma gelow-diýen seslerini eşidip, gündeligi gapdalyragynda duran ýylgynyň arasynda gizledi.
-Juma geldä-how
Ol oglanlar henizem sesleriniň ýetdiginden gygyryşýardylar. Olaryň biri Jumanazaryň goňşysy Çarydy. Galanlaryny öňelem obasynda görsede, tanamaýardy. Olar hem gahrymanymyzyň obadaşlary bolmaly. Jumanazar dowarlaryny sürüp obadaşlarynyň ýanyna bardy. Baranyna kän wagt bolmanam ýagyş ýagyp başlady .Şol wagt Çary:
-Juma sen geldiň welin ýagşam geläýdi -diýdi. Beýlekiler hem:
-Ýagyş bilen bile geldi öýdýän-diýip gülüşdiler. Soňra Çary:
-Juma bizä gaýtjak . Ýör senem gaýtsaň -diýdi . Jumanazar bolsa:
-Ýok dost sen gaýdyber. Men ýaňja geldim. Indi gelenime görä biraz mallarymy otladaýyn-diýip . Çary goýunlaryny oba tarap kowup barşyna :
-Bolýar-da onda sag bol -diýip hoşlaşdy. Jumanazar hem:
-Bolýar dost sag bol -diýdi . Soňra Çary we beýleki çopanlar öýlerine tarap gaýtdylar. Ýagyş uzak ýagmady. Olar heniz oba ýetmänkä ýagyş diňdi. Emma olar şonda-da oba girip gitdiler. Olar gaýdan soň Jumanazar gündeligi gizlän ýylgynyň ýanyna bardy. Gündeligiň daşyny süpürdirdi. Gündelik ýagşyň aşagynda durup azajyk zaýalanypdy. Käbir sahypalary ýyrtylypdy. Gündelik golýazma bolanlygy üçin awtoryň hatyna gowy düşünip bolmaýardy. Şonda-da Jumanazar ony okajak bolýardy.

-Adamsypat , gurçuk ýaly jandarlar.

Çagalykda örän elhenç , gorkunç zatlary görüpdim. Ýagny men ýaňy aýak üstüne galyp, ýöräp başlan wagtlarymda , takmynam 5-6 ýaşlarymda , elime ary balyndan boşan kiçijek bedre şekilli gapjagazy elime alyp , öýümden uzaklaşyp gidipdirin. Hawa men ol gapjagazy hiç ýanymdan aýrasym gelmezdi.Nirä gitsem gideýin mydama ýanymda göterer ýörerdim.Şol gün öýümden uzaklaşyp godişime düýşümmi ýa-da huşum anyk bilemok ,emma meni palçykly turbalaryň üstünde , arkanlygyna gidip barýardym. Özüm ýörämok, meni näbelli bir güýç arkanlygyna göterip alyp barýardy,ýöne men ony görmeýärdim. Şol palçykly ot ýaly gyzgyn çukurlaryň içinde adam boýuna barabar uzyn gurçuk şekilli jandarlar ellerini ýokaryk uzadyşyp , meni özlerine çekip aljak bolýardylar.Olaryň elleri arkama degäýjek-degäýjek bolup geçýärdi. Olar şeýle bir köpçülikdi özlerem turbalaryň içinde durdy.Ol çukurlaryň içi ýanyp duran gyzgyn palçykdan dolup durdy. Men şeýle bir gorkýardym. Sesimiň ýetdiginden möňňürüp aglaýardym. Ejemiň aýtmagyna görä şol wagt men obanyň ilersindäki Isberden öwüşýäsiniň içinde ekenim. Öwülýäniň içinden bolsa meni goňşy obadan ýagny Ajykärizden bir aýal tapyp , ondan-mundan  sorap-idäp ahyry meni öýüme getirip gidipdir. Alla ondan razy bolsun. Elbetde ol aýal bu wagt biziň aramyzda ýok . Ýatan ýeri ýagty , jaýy jennet bolsun."

(1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

Ýazylan wagty : 31.05.2023

Teswirler 4
Gowy eser, gyzykly bashlangyc. Awtor peyzajy gowy, goze gelniuwly beyan edipdir. Howri kop bolsun hem-de oñ bolsun.
31 Мая 2023, 22:39
0
Gerceknazar
ответил(-а) Garayolly

Derman ýaly sözleriňe minnetdar agam. Siz mydama goldap gezýäňiz meni ömrüň uzak bolsun . Hasam ylhamlandyrdyňyz . Sähelçejik zada göterläýýändä . Taňry ýalkasyn.

31 Мая 2023, 23:06
Показать все ответы 1
Dowamy hacanka
31 Мая 2023, 22:30
0
Gerceknazar
ответил(-а) Believe

Şu gün ýazyp başladym. Yzynam uzaklaşdyrman goýaryn Enşalla. Ýöne indi gysgarak edip goýmakçy . Kän uzyn ýazylanlary halamaýanlar kän.

31 Мая 2023, 23:09
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş