Запись - Öñüm tümlük...

Öñüm tümlük...

Öñüm tümlük,
Ýöne umytlam ýagty,
Çümüp barýan, çäksiz Arzuw-hyýala,
Hasaply ömüriñ, bihasap wagty,
Lezzetini duýýar, göwün-pyýala,

Şekim ýok, şübhäm ýok, ajy hakykat,
Geleninde garşy aljak şat bolup,
Bir pursatlyk gülkä beren ömrümi,
Uzak wagtlyk ýaşar ýaly ýatlanyp,

Güý:z geldi,
Barha gysgaldy ömür,
Habaryn ýetirýär sowujak şemal,
Bag:t gözläp, gussa batan gözümden,
Akýan gözýaşlaryñ lezzetini al.


Ýylgyrýan haçanda deñimden geçse,
Sabyrsyz ýigitler, nowjuwan gyzlar.
Düýn beren sowalym,
Ertire garap,
Jogabyny görýär, görmejek gözler.

Remezan Mämetgurbanow

02.11.2022ý





Teswirler 4
ýagtylar garaşy ber...tok ýok bolsa telefonyñ çyrasyny yak
3 Ноя 2022, 17:12
0
Remezan
ответил(-а) Ynsan



4 Ноя 2022, 11:10
Показать все ответы 1
Gowy ýazylypdyr. Galamyň ýöräp dursun! 👍
3 Ноя 2022, 09:25
1
Remezan
ответил(-а) Mahrimah

Minnetdar

3 Ноя 2022, 13:10
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş