Запись - Umyt ber...

Umyt ber...

Bir umyt ber maňa, goý ol şeýle bir,
Durmuşumy üýtgetsin bir salymda!
Bir umyt ber maňa, goý ol şeýle bir,
Bagyt bersin hatda arzuw halynda!

Umyt ber sen maňa şeýle bir umyt,
Oňa bütin durkum bilen ynanjak.
Döretsin ol mende şeýle bir höwes
Durlasyn suwlary bolsa bulançak!

Umyt ber dünýäme ýagty saçanda,
Şol ýagtyny ömrüme nur saýaýyn.
Täsirlenip seniň şol umydyňdan ,
Asmana göterlip bagtly gaýaýyn.

Ber bir umyt, daryganda bu kalbym,
Şol umyda öz göwnüni götersin!
Beren seniň şol ýekeje umydyň,
Iki ömrüme öz täsirin ýetirsin...

Umyt döret hasrat baglan ýüregmiň
Yzalary ýitsin salym pursatda.
Kiçijek umydyň şeýle bir uly,
Ýeri baglap durar janly gursakda.

Kereplän duýgulam täzeden gülläp
Sahyý bolsun, indi bolmasyn husyt!
Şeýle bir, şeýle bir özgeçe söýjek,
Şonuň üçin maňa ber birje umyt...

Geçen günleň sahypasyny ýapyp,
Gel bileje täze kitap açaly!
Kitabyň gaýgyly abzaslaryny,
Agzybirlik bilen ýeňip geçeli.!
Şol günlere bile ýetmeklik üçin,
Aýralygy ätläp geçmeklik üçin.
Umyt ber...

Awtory:Zinura Batyrowa...B
Teswirler 1
👌👌👌
21 Июн 2023, 11:07
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş