Запись - Durmuş nowellalary (üçünji bölüm)

Durmuş nowellalary (üçünji bölüm)

Durmuş nowellalary (3-nji bölüm)

Gündogardan öwüsýän näzijek şemal,şemalyň ugryna iki ýana yranyp duran ýorunjalar,ýorunjalaryň üstünde her ýana gaýmalap ýorunja güllerinde tans oýnaýan kebelekler ýaşlyk ýyllarymy ýatladýardy. Men bagyň üstünde oturyp tebigaty synlaýan. Hanha alyslarda uzalyp , giň asmana görk berip duran bulutlar, bulutlaryň arasynda kä gizlenip käte jyklap gizlenpeçek oýnaýan Güneş, Güneşiň ýylysyna çoýunyp iki ýana ýaýkanýan bugdaýlar , durşy bilen gözellik.
Hawa men çagakam şu ýerlere köp gezek kakam bilen gelýärdim. Bir gezek şol goşahowdanda ýatdan çykmajak waka boldy .Ol wagtlar men on iki ýaşly oglanjykdym. Kakam, doganym, men , üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdana gawun-garpyz ýetişdirmäne gelerdik. Soňra Gün ýaşyp , garaňky gatlyşanda kakam bize:
- Halnazar , Jumanazar ýörüň öýe gaýdalyň- diýeninden soňra biz pillermizi, oraklarmyzy alyp ulaga mündik. Kakam ulagy işledip yza ýöremekçi bolanynda, şol Goşahowdanyň ilersindäki zeýiň içine girip gitdi. Kakam aljyrap yzly-yzyna ulagyň tormazyny basýardy. Ýöne şonda-da ulag zeýiň içine girip barýardy. Her nämede bolsa bizi Hudaý gorady. Ulag zeýiň düýbüne ýetmänkä saklandy.Biz ulagdan düşüp pyýadalap obamyza gitmek üçin uly ýola tarap ýöredik. Ahyry ýola ýetdik. Biz ýolyň gyrasyna baryp obamyza aşmak üçin geçen ulaga elimizi salgap duryberdik. Kän wagt geçmänkä biziň ýanymyzda bir ulag gelip durdy. Kakam ulaga golaýlanynda , ulagyň içindäki sürüji kakam ýüzlenip :
-Berdi aga salawmaleýkim - diýip seslendi. Kakam :
-Waleýkimessalam - diýeninden soň sürüji :
-Berdi aga Telmana barýaňmy?- diýdi. Kakam :
-Howwa Telmana barýan-diýeninden soňra sürüji :
-Mün äkideýin- diýdi .Şol wagt ulagyň öňünden bir gyz düşdi-de ulagyň yzyna geçdi. Menem şol gyzyň yz ýanyndan münüp onuň ýanjagazynda ejesi hem oturan eken . Menem onuň sag tarapynda oturdym. Soňra agamam meniň sag gapdalymda otyrdy. Kakam ulagyň öňüne mündi. Kakam sürüji bilen her ýerden gürrüňler edip gelýärdi. Ulagyň yzyna dört bolup münenimiz üçin biraz gyslyşyp otyrdyk. Hasam meniň özüm ýaly ýaşajyk , owadanja gyzyň butlary meniň butlaryma gysylyp durdy. Men ýuwaşlyk bilen gyzy synladym. Hawa ol gyz hakykatdanam owadanjady. Ulagyň aýnasyndan girip gyzyň zülplerini oýnaýan şemal gyzy öňküsindenem owadanlaşdyrýardy. Onuň goňur gözleri, ak alkymynda menek-menek hallary, alma ýaly gyzarypjyk , pökgeripjik duran ýaňajyklary diýseň gözeldi. Men ony synladygymça synlasym geldi. Şu çaga ýüregimde oňa bolan üýtgeşik duýgylar oýandy. Biz obamyza derrew geldik. Meniň hiç ol gyzyň ýanyndan aýrylasym gelmedi. Men onuň bilen bir agyz gürleşmedik bolsamam oňa synym oturdy. Ahyry men ulagdan düşmeli boldum...

Jumanazar munça zatlar ýazanyna özünde haýran galdy. Göýä setirleriň özi akja kagyzyň ýüzüne akyp durdy. Ol gündeligini şeýle bir joşgun bilen ýazýardy welin asla uklasy gelmeýärdi. Berdinazar aga ýassy namazynyň täretini alyp öýe girdi.
-Öýdäkiler ýatdymyka?-diýip hemme jaýlara aýlanyp çykdy. Halnazar telefonda aýdym diňläp ýatyp galypdyr. Berdinazar aga Halnazaryň telefonyndaky aýdymy öçürip , jaýyň çyrasyny söndirdi. O jaýdan çyksa beýleki jaýyň hem çyrasy ýanyk dur eken . Jumanazar henizem gyzygyp gündelik ýazyp durdy. Berdinazar aga gapydan girip:
-Juma ýat oglum indi , ertir ir turmaly - diýip çyrany öçürdi. Jumanazar :
- Bolýa kaka - diýip gündeligini şkafyň üstünde goýdy-da , diwana geçip ýatdy. Şeýdibem ýazyljak eser ýazylman galdy.Berdinazar aga iň soňunda öz jaýyna ýuwaşlyk bilen girdi. Ýuwaşlyk bilen girsede çalaja sese Sona daýza tisginip oýandy.
-Ýatyberdä sen näme oýanýaň?- diýip Berdi aga gaharly gürledi.
-Ýatyp bolýarmy?-diýip Sona daýza hem hüňürdedi.
-Ýatmasaň ýatman geç men-ä ýassymy okajak - diýip Berdi aga jaýyň çyrasyny ýakyp , namazlygy ýazyp, azan aýtdy.

(3-nji bölümiň soňy . Dowamy bar )

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

Ýazylan wagty : 02.06.2023
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş