Запись - Durmuş nowellalary (dördünji bölüm)

Durmuş nowellalary (dördünji bölüm)

Durmuş nowellalary (dördünji bölüm)

Agşam gijiräk ýatan soň Jumanazar ir bilen ýerinden galasy gelmedi.Säheriň salkynjak şemalyna meýmiräp ýatmak şeýle bir gowydy. Hasam serçejikleriň jürküldisi oňa bir ajaýyp hüwdi bolup eşdilýärdi.Ahyry Jumanazar kakasynyň sesine turmaly boldy.Ala ukyly ýagdaýda sagada seretdi. Sagat ýedi bolupdy. Jumanazaryň göwnüne bolmasa irden wagt juda çalt geçýärdi.Jumanazar ala ukyly ýagdaýda daşaryk çykdy. Elini-ýüzüni ýuwup ertirlik edindi. Soňra okuw eşikerini geýip mekdebe ugrady. Ýolda oňa gyz klasdaşy we goňşusy Aýjemal duşdy. Jumanazar onuň ýanyna golaýlap:
- Aýjemal gowymy ? -diýip salamlaşdy.Aýjemal Jumanazara güler ýüz bilen:
-Gowy, özüň gowumy klasdaş ?!- diýdi.Jumanazar bolsa :
-Hudaýa şükür menem gowy - diýdi. Soňra klasdaşlaryň söhbeti gyzygyp gitdi.
-Aýjemal düýn edebiýat dersinde Aman Kekilow barada sapak geçirildi bilýäňmi?
-Howwa bilýän. Aman Kekilowyň "Söýgi" romamynam okadym.
-Men-ä okamadym . Dogrusy bilemogam olar ýaly kitaby.
-Wi şahyr bolup şonam bileňokmy?
-Sende barmy şo kitap?
-Menem internetden aldym. Internetde bar-a
-Hä bolýar onda menem alaýaryn.
-Özem sen goşgy ýazmakda etrap boýunça üçinji ýer bolupsyňa
-Ýoklaý. Kim diýýär ony?
-Aýna mollum diýýär.
-Men-ä goşgy ýazmakda üçinji ýer bolamok
-Gülöserem saňa salam aýtdy
-Kim Gülöwser
-Klasdaşyň
-Goýsanaý Gülöwserem maňa salam aýdarmaý . Ola maňa seredenogam
Klasdaşlar özara gürrüňleşip mekdebe nähili gelenlerini hem duýman galdylar. Soňra jaň kakyldy. Okuwçylar hatara durulýan ýere ýygnanşyp başladylar . Jumanazyň boýy uzyn bolnlygy üçin hatarda iň öňde durýardy. Okuwçylar we mugallymlar bir ýere jemleneninden soň ilki bilen döwlet senasy ýaňlandy. Hemmeler sag elini ýüreginiň üstünde goýup gimine goşuldylar. Soňra mekdep müdüri hemmeleriň öňüne çykyp çykyş etdi.
-Salam hormatly mugallymlar we okuwçylar. Ine bu gün hem siziň bilen didarlaşýanyma örän şat. Gözel diýarymyzda biziň her bir günümiz şanly wakalara , buýsançly senelere beslenýär. Ine nesip bolsa sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýy ýetip gelýär...
Mekdep müdüriniň ýüzi gülüp durdy. Ol nämede bolsa bir zada ýürekden begenýärdi.
-Şu ýerde esasy bellemeli zat arada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli , Ahal welaýatynda , okuwçylaryň arasynda goşgy ýazmak bäsleşigi geçirildi. Şol bäsleşigede biziň mekdebimizden bir okuwçy gatnşyp etrap boýunça üçünji ýere mynasyp boldy.Tüweleme meniňä özüm okuwçylarmyň şeýle bäsleşiklere gatnaşyp sylaglanýanyna ýürekden begenýän. Geliň indi söz nonatymyzy okuw müdüri Aýna mugallyma geçireliň.
Soňra Aýna mugallym biraz öňe çykyp elindäki hormat haty okady:
-Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli "Watany wasp edýär çaga ýüregim" diýen şygar bilen , mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen şygyr bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 3-nji orny eýelän , 8-nji orta mekdebiniň okuçysy Jumanazar Amannazarow sylaglanýar.
Jumanazar gözlerine has dogrysy gulaklaryna ynanmýardy. Hakykatdan hem Aýjemal ýalan sözlemeýän eken . Dogrysy ol şu güne çenli goşgy ýazmak bäsleşiklerine hiç hili gatnaşyp görmändi. Bu bäsleşige nädip gatnaşyp , nädip üçünji orny alanyna özem geň galdy. Elbetde bäsleşige onuň özi dälde goşgysy gatnaşdy. Arada Jumanazaryň synp ýolbaşçyny Öwezmyrat mugallym oňa:
-Watan barada bir goşgy ýaz- diýipdi . Jumanazar hem şol günüň özünde, öýlänlik goýumlaryň yzynda arassa howada giňişlik öri meýdandan-da watan barada ine şu goşgy setirlerini döredipdir.

Dilde dessam, bagy-bossan
Gözel ýurdum Türkmenistan
Galkynyşa gadam basýan
Gözel ýurdum Türkmenistan

Giň äleme doldy adyň
Gowşamasyn bedew badyň
Göz guwanjym, göwün şadym
Gözel ýurdum Türkmenistan

Myhmnlarymyz gelýr üýşüp
Şahyr goşgy ýazýar joşup
Gül keşdiňe adam aşyk
Gözel ýurdum Türkmenistan

Çäksiz ylham berdiň maňa
Baky minnetdar men saňa
Öňe, öňe , diňe öňe
Jan watanym Türkmenistan

Öwezmyrat mugallym bolsa bu goşgyny bäsleşige ugradypdy. Ine-de onuň netijesi. Eger bäsleşige hödürlenjedini bilse. Jumanazar mundan has gowak goşgynam ýazyp biljekdi.

(Dördünji bölüm . Dowamy bar)


© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 3
🤗
19 Июн 2023, 19:17
0
Dowamyna garaşýan
13 Июн 2023, 13:19
0
13 Июн 2023, 00:11
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş