Запись - “Namys” 2. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 2. Kerim Gurbannepesow

Yslam kyrk ýaşyny edýänçä tamam,
Ne ogly bolupdy,
Ne-de bir gyzy.
“Şeýdip ýitäýermi Yslamyň yzy?”
Diýip, asmanyna bakardy Yslam,
Emma onuň ady bolsa-da Yslam,
Yslamyna rehim etmezdi asman.

Bir geçisi bardy Yslam ussanyň.
Geçisini aýtdy Hudaý ýoluna.
Üç owlagy bardy Yslam ussanyň,
Üçüsinem aýtdy Hudaý ýoluna –
Perzent önmedi.

Sekiz towgy bardy Yslam ussanyň.
Sekizinem aýtdy Hudaý ýoluna.
Bir öküzi bardy Yslam ussanyň.
Öküzünem aýtdy Hudaý ýoluna –
Perzent önmedi.

Könesinem berdi Hudaý ýoluna,
Täzesinem berdi Hudaý ýoluna.
Dulunda gugaryp gor küýze galdy –
Küýzesinem berdi Hudaý ýoluna
ÜÇ GYZY BOLDY.

Tutuş bir hepdeläp toý tutdy Yslam.
Dostlary goldady dostunyň toýun:
Biri galla berdi, birisi tüwi,
Biri düýe soýdy, birisi goýun.

- A-how, gulak salyň, perzendi ýoklar!
Aňsat eken perzent tapmagyň ugry.-
Diýip, Yslam ussa bälçige saldy, -
Hudaý halamaýar öküzi, sygry.
Çally küýze aýdyň Hudaý ýoluna,
Çally küýze! – diýip gülýärdi Yslam.
Walla jan, Hudaýyň düýe çalyna
Juda hormat goýýan bolmagy ahmal.

Gor küýzämi aýdan günümden beýläk
Dokuz aý, dokuz gün.. bolanda tamam,
Daňdanlar eşdildi üç gezek “jäk-jäk”:
- Kaka jan, salam!
- Kaka jan, salam!
- Kaka jan, salam!

Üçüsi üç ýerden: “Jäk, jäk, jäk..”
Nebis diýen zadyň araçägi ýok,
Dördünji “jäk-jäge” garaşdym ýene,
Naýynjar ýylgyryp seretdi ene:
“Wessalam!
Başga ýok!”

Ine bizä şeýle üç gyzly bolduk! –
Diýip, Yslam ussa gülerdi lah-lah,-
Her küýzäň üç çaga boljagyn bilsem,
Iki küýzämi-de aýtmazmydym, wah!
Onda alty gyzly bolardym – diýip,
Gözlerini gypyp, bälçirýär Yslam.
-A-how, alty çaga okalýar ýaly,
Jemaly towşandyr öýdýärmiň, ussam? haha

Diýip, her kim bir zat diýerdi oňa.
Olam hiç haýsyndan düşmezdi ejiz.
…Şondan bäri akja kepbäň içinde
On bäşin doldurdy üç bajy – üç gyz
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş