Запись - “Namys” 3. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 3. Kerim Gurbannepesow

Amanbike, Ogulbike, Aýbike –
Üçüsi üç ýerden dokaýar gulaç.
Gulaçlaň üstünde dört örüm saçlar
Her haýsy bir gulaç,
Bir ýarym gulaç.

Gijeler geçdikçe küjüler artýar,
Küjüler artdykça gylyçlar güt-güt.
Gylyçlar süýndükçe dartylar dartýar.
Dartylar dartdykça
Gulaçlar küt-küt.

Gulaçlar kesilýär, jerçiler çýşýär,
“Men aljak! Men aljak!” Bir topar dawa.
Gulajyň bir küti Buhara süýşýär,
Bir küti Ürgenje,
Bir küti Hywa.

Yslamyň özi-de jerçidi ozal.
Hywany, Ürgenji söküpdi üç ýyl.
Soň diýdi özüne: “Eý, Yslam sammyk,
Gaçgyl, başarmaýan käriňden gaçgyl.

Bu zamanda jerçil bolmakçy bolsaň,
Ilki bilen tilki bolmaly hökman.
Sende bolsa tilkiň ýokundysam ýok,
Seni goýun edip ýasapdyr ykbal!”

Onsoň ussalygy başlapdy Yslam.
Ussalygna bolsa, hemmämiz belet.
(Çalgymy, çarşakmy, gyrgyçmy, çelek –
Haýsysy gerek?)

Indi bolsa bulaň bäşisem ussa.
Giden ussahana kepbäniň içi:
Biri ýumak sarýar, birisi küji.
Bir ýerde ýüňdarak, bir ýerde keji.
Biri palta ýasýar, birisi orak.
Ýeňil senagatmy,
Agyr senagat-
Biri çekiç urýar, birisi darak –
Haýsysy gerek?

Haýsy gerek bolsa geliber jerçi.
Harydyň gyt bolmaz indiden beýläk.
Haly, horjun bilen doldur Ürgenji,
Isle-de alyp geç Hindiden beýläk.

Tähranmy, Maşatmy,
Käbilmi, Termez,
Rummy, Çynma-çynmy,
Hindimi, hebeş –
Nirä äkitseňem ýüzüň gyzarmaz.
Haly bolmaz seniň halyňa meňzeş.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş