Запись - “Namys” 4. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 4. Kerim Gurbannepesow

Üç bajy oturyp halyň üstünde
Üçüsi üç ýerden uranda darak
Ilki bilen gerek
Görmäge garak,
Yzy bilen gerek
Diňläne gulak.

Döşleriň üstüne
Saçlar ýaraşýar,
Saçlaryň astyna
Ýaraşýar döşler.
Döşleriň üstünde saçlar uruşýar,
Saçlaryň astynda uruşýar döşler.

Wah hemme uruşlar şeýle bolsady!
(Ýaşasyn saçlaryň, döşleriň urşy!)
Döşler dört tarapa kowýar saçlary,
Saçlar ýene çozýar döşlere garşy.

Birdenem hemmesi ýaraşýan ýaly,
Darak gutaranda gutarýar söweş.
Indiki hüjüme garaşýan ýaly,
Döşler özün dürsäp,
Dem alýar ýuwaş…

Ondan soň başlanýar ýene bir uruş.
Bu uruş başgarak esgerleň urşy:
Ýaşasyn dünýäde şoň ýaly uruş –
Zähmetkeş synnylaň, keserleň urşy!

Ýetişibildigine kesýärdi keser,
Ýetişibildigine gyrýardy synny.
(Halynyň göbegin kesýärdi keser,
Halynyň galpagyn syrýardy synny.)

Galpaklar garyma taşlanýar ýene.
Ýene-de daraga ýapyşýar üçler.
Hälki ajap söweş başlanýar ýene:
Dört ýandan zabt edýär
Döşleri saçlar.

Daraklaň astynda zaňlaýar erşi,
Erişleň içinde güňleýär argaç.
Ürgençde kakylýan darak sesinden
Oýanýar Hojili,
Ýaňlanýar arkaç…
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş