Запись - “Namys” 5. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 5. Kerim Gurbannepesow

Yslamyň elinden çekiç düşenok,
Gyzlaryň ežinden düşenok darak.
Şonda-da kiçijik kepbäň içinde
Içmäge çal ýokdy, iýmäge çörek.

Üçler haly dokýar –
Süýthor düşenýär.
Üçler guşak dokaýar –
Süýthor guşanýar.

Üçler gulaç dokýar – baý bugdaý guýýar,
Üçler dolak dokaýar – baýlar dolanýar.
Üçler ýüpek çekýär – baý gyzy geýýär.
Şeýdip günler ötýär,
Aýlar dolanýar…

Işlese, otyrsa, dynç alsa, ýatsa –
Gyzlaryn görmese ynjalmaz ussa.
Ertir, öýlän, agşam – günde üç gezek
Oraçaň gapysy açylar assa.

Diýer: “Armaweri, Amanbike jan!”
Diýer: “Armaweri, Ogulbike jan!”
Diýer: “Armaweri, Aýnabike jan!”
-Bar bol, kaka! – diýip seslener üçler, -
Sen armasaň, biz armarys, kaka jan!

-Meniň arýan döwrüm geçendir indi!
Diýip, Yslam ussa güler jakgyldap.
Meniň argynlygym takyk ýylynda
Edil takyk ýaly uçdy wakgyldap.

Siz dünýä indiňiz towuk ýylynda!
Diýip, üçemleriň gaşyna geçer.
Ýassygyn tirsekläp, çaýyny içer.
Gyzlaryna bakyp guwanar Yslam,
Atasyna bakyp guwanar üçler.

…Bu gün ynha ýene öňküsi ýaly,
Gyzlarynyň gaşyna gelipdi ussa.
Halynyň üstünde otyrdy üçler
Göýä çugdamlanan üç sany desse.

Emma desseleriň reňki deň däl:
Ikisi gülgündi,
Birisi – solgun …
Gaýtalap gaýtalap soraýar ussa:
-Näme boldy, balam?
-Aýtsana, oglum!

-Ýok, ýok kak jan, hiç zat bolanok.
(Başga söz çykanok Amanbikeden).
Onsoň Aýbikeden, Ogulbikeden
Soraýar. Ikisem hiç zat bilenok.
Ýene-de gaýtalap soraýar Yslam:
-Name bolýar, gyzym?
-Hiç zat, kaka jan…
-Näme bolýar, balam? Amanbike jan?!
Diýip, zar-zar aglap ýalbarýar ene.
-Ýok, ýok, ýok, eje jan, hiç zat bolanok!
Şol ozalky berýän jogaby ýene…

-Sözle janym guzym, mydarym gyzym,
Sözle, dilleriňe bolaýyn gurban…
Ýa otuz enbiýa, ýa gyzyl ymam,
Ýa Şahym pukara, özüňden derman!

Diýip, Jemal eje bagryn paralap,
Gyzynyň daşynda urýardy perwaz.
Emma ne gyzyndan jogap bolýardy,
Ne-de ymamlardan çykýardy owaz..

Omaryň ýoluna üç tamdyr çörek,
Osmanyň ýoluna dört tamdyr çörek,
Enäniň ýoluna bäş tamdyr çörek,
Paýlap-paýlap unun gutardy ene,
Daşap-daşap köwşün tozdurdy ussa.
Ýöne welin şol çörekleň deregne
Artdy öýlerinde ýene bir hassa.

Ýene bir gyz başyn ýassyga goýdy.
Misli orak kimin büküldi ene.
Käse-käse akýan gözüniň ýaşy
Indi çanak-çanak döküldi ýere.

Hersiniň derdine müň melhem etdi.
Emma ezizleri tapmady aram
…Merediň yzyndan Oraza ýetdi,
Orazaň yzyndan ýetişdi Baýram.

Baýramyň yzyndan ýetişdi boş aý,
Boş aýam boş geçip, ýetişdi Gurban.
“Wah, seniň gurbanyň bolaýyn Gurban,
Alyp gelmediňmi balama derman?!”

Diýip, Jemal eje kyblasyn bakyp,
Akja namazlyga başyny goýdy.
Gurban bolsa gaýta hiňňillik dikip,
Düýe, goýun soýup … başyna gaýdy.

Gurbanyň guýrugna asylşyp Aşyr,
Aşyryň guýrugna tirkeşdi Sapar.
Saparyň yzyndan tirkeşler geldi –
Birem däl, ikem däl,
Dört sany çapar.

Biriniň elinde gawundyr garpyz,
Biriniň elinde bugdaýdan desse.
Biriniň elinde nar bilen üzüm,
Dödünjiň elinde hoz bilen pisse.

Emma dört güýçliräk bolara çemli.
Dermanyny tapyp bilmedi dörtler…
Nur saçyp takykdan towşana çenli,
Daň bilen armanly ýumuldy dört göz…
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş