Запись - “Namys” 6. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 6. Kerim Gurbannepesow

Gök baýryň üstünde goşaja mazar,
Hersiniň başynda guşakly kerpiç…
Şol kerpiçler eräp ýere siňýänçä,
Başyn galdyrmady kepbede çekiç,
Demini almady körküdir sandal,
Sesin çykarmady synnydyr darak.
Emma iki sany mähriban ýürek
Ses etdi olaryň baryna derek.

Goşalanyp gelen bu namart ölüm
Degdi olar üçin şeýle bir agyr,
Bagyr ýaşyn köňül dökse gözünden.
Köňül ýaşyn dökdi gözünden bagyr.

Ozal orak ýaly bükülen bolsa,
Indi toýnuk ýaly büküldi ene.
Gözýaş çanak-çanak dökülen bolsa,
Indi çelek-çelek döküldi ýere.

Üç gyrkylyk bilen iki keseri
Durşuna temmäkä şalyşdy ussa.
Basyp bilýän bolsa nahar gahary,
Gussany azajyk basmazmy tüsse?

Çekdi, ussa çekdi,
Ýene-de çekdi.
Temmäkiň reňki ýüzüne çykdy.
Býerbar ahyrýet ýadyna düşüp,
Gorkuly gözlerin asmana dikdi.

“…Muhammet-resul hem senden bizardyr.
Bizar senden hem hudaýyň, çilimkeş..
Zelili diýr, işiň ahy-pygyndyr,
Jähennemdir seniň jaýyň, çilimkeş…”

- Jähennemdir seniň jaýyň, çilimkeş! -
Gaýtalady ussa. Hopugdy ussa.
Üç günläp agzyna almady çilim,
Dördülenji güni basdy
Ýene-de gussa.

-Çilimkeşiň jaýy jähennem bolsa,
Goý meni häp-häzir hopsun jähennem.
Belki jähennem hem arassarakdyr
Içine gan öýen loly jahandan!

Megerem, Zelili diýilýän şahyr
Heniz gören däldir meňkiçe zulum.
Meniň şu günüme düşäýen bolsa,
Atýany nas bordy, çekýäni çilim!

Diýdi-de ýasandy ýogyn bir çilim.
Burum-burum çykdy tüýnükden tüsse,
…Derdiň çilim bilen ýeňleýän bolsa,
Çekiber arkaýyn,
Çekiber ussa.

Dawalaşyp durma Zelili bilen,
Ol zulum-da gördi, ölüm-de gördi.
Ep-esli bar weli seniň-de derdiň,
Seniňkiden pes däl onuň-da derdi.

Ýedilenji ýylyň içidir indi –
Sesýetim beýläňde otyr ol bende..
Muhammet Rahymyň gazabna düşüp,
Gaty kän ömürleň çyrasy söndi.

Bu dünýäniň derdi ýeke saňa däl,
Gaty kän ärlere uzatdy çilim.
Nirä baksaň tüsse üstüne tüsse,
Nirä baksaň zulum üstüne zulum.

Ýokarsy Ýolöten, aşagy deňiz,
Gaýrasy Hywadyr, ilersi Tähran –
Türkmen toparagynda asudalyk ýok,
Gara tüsse bilen dolupdyr sähram.

Çekiber çilimňi,
Çekiber, Yslam.
Goý, seniň tüssäňden garalsyn asman.
Belki ýerden çykýan tüssäni görüp,
Rehim eder iliň derdine Rahman.

Çekdi Yslam, çekdi,
Ýene-de çekdi.
Tüssäniň bir ujy lowh-kürsden çykdy.
Hywanyň hanyny ýykan rahman
Bu gezek Yslamyň hanyny ýykdy.

Yslamyň üçünji balasyn ýykdy.
Ýene-de başlandy şol öňki ahwal.
-Näme bolýar, balam?
-Hiç zat bolanok.
Ýene sowal, jogap.
Ýene-de sowal…
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş