Запись - “Namys” 7. Kerim Gurbannepesow

“Namys” 7. Kerim Gurbannepesow

Iki balasynyň matamyn tutup,
Ähli gözýaşyny gutaran ene,
Üçünji derdine aglamak üçin
Gözýaşy nireden taparka ene?
Tapýardy ene

Iki balasynyň derdinden çöküp,
Öýkeniniň ýaryn ýitiren ene,
Üçünji derdine çydamak üçin
Ragbaty nireden taparka ene?
Tapýardy ene.

Iki perzendiniň matamyn tutup,
Sakgalny-saçyny agardan ata,
Üçünji derdine döz geljek bolsa,
Naçarlap gözýaşyn dökmezmi käte?
Dökenok ata.

Iki eziziniň derdini çekip,
Elinde baryny tükeden ata,
Üçünji derdine çydajak bolsa,
Barlylaň gapysyn kakmazmy käte?
Kakanok ata.

Şonuň üçin onuň atady ady.
Başarak bir ady bolardy ýogsam.
Eý sen, baş egmezek ynsan zürýady,
Eg başyňy, ataň üstüne eg sen!

Şonuň üçin onuň enedi ady.
Özgeräk bir ady bolardy ýogsam.
Eý sen dyz epmezek ynsan zürýady,
Eg göwräňi, enäň üstüne eg
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş