Запись - Durmuş nowellalary (bäşinji bölüm)

Durmuş nowellalary (bäşinji bölüm)

Durmuş nowellalary (Bäşinji bölüm)

Ýöne Jumanazar hem Öwezmyrat mugallym hem bu goşgynyň bäsleşige hödürlenjeginden soň habarly boldylar.Öwezmyrat mugallymyň kärdeşi okuw müdiri Aýna mugallym :
-Bu goşgyny bäsleşige ugratmaly- teklibini berdi. Goşgy şol günüň özünde "Ahal durmuşy"gazetiniň yglan eden "Watany wasp edýär çaga ýüregi"diýen şygar bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek şygyr bäsleşigine ýolladylar. Ine-de onuň netijesi.
Jumanazar ýaýdana-ýaýdana mekdep müdüri Rejepgeldi Babanazarowyň ýanyna baryp hormat hatyny aldy. Rejep direktor sag eli bilen Jumanazaryň elini gysyp:
-Gutlaýan-diýip ,çep eli hormat hatyny gowşurdy. Şowhunly el çarpyşmalaryň bolsa yzy üzülmeýärdi. Hemmeler begenşýärdiler, Jumanazara guwanýardylar. Hawa hakykatdanam bu diňe Jumanazaryň däl tutuş mekdebiň abraýna abraý goşupdy.Şol gün Jumanazaryň durmuşynda örän uly öwrülişik bolupdy. Öňler onuň goşgy ýazýanyny hiç kimem bilmeýärdi. Indi bolsa onuň öňünden çykan goşgy ýazyp bermegini haýyş edip başladylar. Gyzlar özlerini wasp edip goşgy ýazylmagyny isleseler, oglanlar özleriniň halaýan gyzlaryna gowy goşgy ýazdyrasy gelýärdi. Jumanazar bolsa olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin öňkilerdenem has köp goşgy ýazyp başladylar. Hatda synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallym şol günki edebiýat sapagyny Jumanazaryň aşakdaky gožgysynyň üstünde durup geçipdi. Has dogrusy Öwezmyrat mugallym Jumanazaryň aşakdaky ýazan goşgysynyň bogun sanyna üns çekdi.

Ga-dam go-ýup Ga-raş-syz-lyk ýo-ly-na 11 bogun
Gül-le-ýär gül aç-ýar Türk-men-is-ta-nym 11 bogun
Şy-gyr-lar ýaz-ýa-ryn se-niň şa-ny-ňa
Ga-raş-syz, Bi-ta-rap Türk-men-is-ta-nym 11 bogun

Top-ra-gy-na to-hum sep-seň gül bi-ter 11 bogun
Türk-me-niň şöh-ra-ty as-ma-na ýe-ter 11 bogun
Ba-zar-lar-da ha-ryt-lar-myz el-ýe-ter 11 bogun
Dil-ler-de des-sa-nym , Türk-men-is-ta-nym 11 bogun

O-guz ha-nyň döw-let gu-rup gi-de-ni 11 bogun
Py-ra-gy-nyň ö-mür ar-zuw e-de-ni 11 bogun
Buý-sa-na-ly sö-ýe-li biz wa-ta-ny 11 bogun
Şyg-ry-ýet bos-sa-nym Türk-men-is-ta-nym 11 bogun

Öwezmyrat mugallym goşgyny bogunlara bölüp synp tagtasyna ýazdyrdy. Soňra :
-Goşgynyň her setirinde näçe bogun bar?- diýip okuwçylardan sorady. Okuwçylaryň hemmesi:
- On bir bogun-diýip jogap berdiler. Soňra mugallym :
-Goşug görnüşinde ýazmaklyk üçin bendiň her bir setiri şular ýaly deň gelmeli - diýdi. Dogrysy Jumanazaryň özi hem goşgyny bogunlara bölmegi şol gün öwrenipdi. Öwezmyrat mugallym soňra goşgynyň kapyýasyny barlap gördi:
-Birinji bentde "ýoluna" we "şanyna" sözleri kapyýalaşýar. Ikinji bentde "biter" , "ýeter" , "elýeter" sözleri sazlaşýar. Üçünji bentde bolsa "gideni" , "edeni" , "watany" sözleri özara kapyýalaşýar - diýdi . Ol hasam ikinji bentdäki "elýeter" kapyýasyny halady.
-Goşgynyň kapyýasy ýerbe-ýer - diýip goşgynyň manysyna geçdi.
-Goşgynyň başynda gözel ýurdumyzyň "Garaşsyzlyk ýoluna gadam basyp" , onuň ösýänligi barada buýsanç sözleri bilen başlap , Jumanaryň özüniň hem şeýle ajaýyp watanda ýaşaýanlygyna buýsanyp , şanyna goşgylar döredýänligi hakyndaky buýsanç sözleri bilen sazlaşyp gidýär.Ikinji bentde "Topragyna tohum sepseň gül bitýänligini, türkmeniň şan-şöhratynyň asmana ýetýänligi" ýaly foralar ulanylsa, üçünji setirinde "bazarlarda harytlarymyzyň elýeterligi" baradaky hakykat beýan edilýär . Iň esasy üçünji bentde türkmen şahsyýetleri Oguz han bilen Magtymguly Pyragy barada durlup geçilýär. Türkmenleriň nesil başysy Oguz hanyň şeýle döwleti , türkmen döwletini gurup gidipdir. Magtymguly Pyragy bolsa biziň häzirki döwrümiz ýaly berkarar , bagtyýar döwleti arzuwlap geçipdir . Bizem şular ýaly ajaýyp ýurtda ýaşaýanymyza buýsanaly we şeýle ajaýyp watany ýürekden söýmeli " diýlip ündelýär.
Öwezmyrat mugallymyň bu kesgitlemesinden soň Jumanazar şeýle goşgy döredenine özüde geň galdy. Şol günki sapak onuň durmuşynda ýatdan çykmajak sapak boldy. Sapak gutaranda Öwezmyrat mugallym Jumanazary ýanyna çagyryp:
-Jumanazar tüweleme sen gowy goşgylar ýazýan ekeniň. Bu günki alan sylagyň biziň hemmämizi begendirdi, buýsandyrdy. Ine nesip bolsa Bitaraplyk baýramy hem ýetip gelýär.Oňada watan barada goşgy ýazsaň gowy bolardy-diýdi.Jumanazar tolgunyp:
-Bolýar-bolýar mollum ,hökman ýazaryn -diýdi . Öwezmyrat mugallym bolsa:
-Gaty gowy . Nesip bolsa ol goşgyňam bäsleşige hödürlemekçi . Gowy bolsa ýene-de sylag hormatyň artar-diýdi. Jumanazar buýsanç bilen:
-Nesip bolsa mollum-diýip seslendi.Soňra Öwezmyrat mugallym :
-Bolýar Jumanazar üstünlik arzuw edýän . Bizem arasynda goldap , başardygmyzdan döredijilik ýolunda kömek edip durarys.Bolýar onda jaňam kakyldy. Bar beýleki sapaklardanam galaýma. Sag bol -diýdi . Jumanazar :
-Sag bol mollum - diýip mugallym bilen hoşlaşyp geografiýa sapagyna tarap ýöneldi.

(Bäşinji bölümiň soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 2
Dowamy hacan
19 Июн 2023, 19:14
0
dowamy haçan gelarkä
17 Июн 2023, 23:20
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş