Запись - Durmuş nowellalary (6-njy bölüm)

Durmuş nowellalary (6-njy bölüm)

Durmuş nowellalary (6-njy bölüm)

Jumanazar öýlänlik okuwdan gelip eşiklerini çalyşdy. Günortanlygyny edinip , obanyň gaýrasyna goýunlaryny bakmana getirdi. Dowarlaryny örä kowup , ýany bilen alyp gelen gündeligi okamana başlady:

-Iň uly roman

Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber.

Bu hupbatly durmuş romanyny beýan edip näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Watan goragyndakam men juda köp arzuwlar ederdim. Arzuwlarymyň biri hem iň uly roman ýazmakdy. Ol romanda men hyýaly dälde hakyky öz durmuşymda bolan we bolýan wakalary beýan edip dünýäniň iň uly romanyny ýazmak isleýärdim. Gullykdan gelip "Güneş" žurnalynyň köneki sanlarynyň birinde , iň uly romany King Ba Kin atly bir ýazyjy ýazypdyr. Şol sahypada şol romanyň ady, bölümi, sahypasy, hatda näçe sany sözleriň bardygy hem ýazylyp ýetirlipdi. Hasaplap görsem her günde ýigrimi sahypa ýazsam , şol iň uly romandan hem has ulyrak bir romany ýigrimi ýyldan soň ýazyp gutarjak ekenim. King Ba Kin ol romanyny kyrk ýyldan soň ýazyp gutarypdyr. Soňra men öz ýazan romanymyň adyna "Durmuş romany" diýip atlandyrasym gelýär. Onuň her bir bölümine bolsa "Bolan waka" diýip atlandyrasym gelýär. Ýagny " Mekdepde bolan wakalar" , "Meýdanda bolan wakalar" we ş.m. We ýerine hem-de wagtyna görä durmuş wakalaryny bölübereris.

* * *

Birinji waka

Mekdepde bolan wakalar

Ynsan durmuşy ynsanyýet ýaly köptaraply we juda çylşyrymly . Bu durmuşyň lezzetem şol çylşyrymlylykda bolsa gerek. Ýogsa şol bir zatlaryň gaýtalanyp durmagy hatda ol gowam bolsa adamy irizýär. Adam heran-haçan , dürli-dürli zatlara höwes edýär. Elbetde adamzadyň ýaradylyşy şeýle. Indi sözümi kän uzaltman mekdepde bolan wakalary ýagny ilkinji gezek ak mekdebe gadam basam ilkinji ädimlerimi şu goşgy setirleriň üsti bilen beýan edeýin.

Ilkinji ädimler (2003 ýyl)

Sentýabr aýynyň ilkinji güni
Doganym Tirkişiň elinden tutup
Ýöräp,
Töwerege garap barýaryn.
Gara boýunbagly
Akja köýnekli
Kiçijek köwüşli
Nepis tahýaly
Ak mekdebe tarap ýöräp barýaryn

Güýz paslynyň ýakymlyja şemaly
Hasda galkyndyrýar çaga göwnümi
Iki ýana öwsüp duran agaçlar
Ýol boýunda meni garşylaýardy
Men şeýle bir tolgunýardym şol pursat
Men şeýle bir begenýärdim , tosdarlyp
Şol begenç hem maňa ruhy güýç berip
Ak mekdebe sary alyp barýardy.

Men arkam päkmeli elim depderli
Doganym Tirkişiň elinden tutup
Ak mekdebe tarap ýöräp barýardym
Bu meniň sapaly bilim ojagna
Ädýän iň ilkinji ädimlerimdi.

* * *

Ilkinji mugallym

Ynha ahyrsoňy mekdebe geldik
Men örän tolgunýan, şatlanýan , gülýän
Töweregi synlap bir geňsi bolýan
Soň doganym diýdi maňa ýüzlenip
-Jigim sen şu ýerde azajyk garaş
Men häzir gelýän

Tirkiş meni zalyň ugrynda goýup
Kümüş mugallymyň ýanyna bardy
Soň mugallym bilen biraz gürleşip
Ýene-de dolanyp ýanyma geldi
Şol gün maňa ykbal berdi goşa paý
Agam diýdi :
-Jigim senem hol duran
Çagalaryň arasyna goşulaý

Men şonda aňyrda düzülşip duran
Itekleşip , degşip, gülüşip duran
Çagalaryň arasyna goşuldym
Hawa şol wagtda olar hem meni
Süýjije söz bilen garşy aldylar
Şondan soňra olar meniň jana-jan
Eziz klasdaşlam bolup galdylar.

(6-njy bölümiň soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 2
🍁🤗
21 Июн 2023, 02:45
0
Dowamy haçanka
20 Июн 2023, 20:56
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş