Запись - Ilkinji söýgüm (hekaýa)

Ilkinji söýgüm (hekaýa)

Çagalyk ýyllarmy ýadyma salsam
Ilki ýada düşer ilkinji söýgüm

Ol gün howa diýseň oňat bolupdy. Günbatardan öwüsýän ýakymly şemal ýüzüňi ýelpäp , göwnüňi göterýärdi. Tomysyň ortaky aýy bolsada Güneş gaty gyzman çalaja ýylysyny çoýýardy. Şol günem men ejem bilen mamamlara myhmançylyga gelipdim. Maşgalanyň körpesi bolanlygym üçin köplenç mamamlara gitmeli bolsa ejem menide ýany bilen äkiderdi. Mamamlarda bolsa maňa çagalyk söýgüm Şeker garaşýardy. Sebäbini henizem bilemok welin her gezek mamamlara baranymda meni bir geňsi duýgylar gaplap alardy. Şu wagtam şeýle . Şol gök derweze, öýüň içinden açylan kiçijek dükan, eşekgeriş edip salynan  köneje jaý, henizlerem duýgylandyrýar. Bärden bararsyň welin ulyrak penjiräniň ýüzüne ýelmenip duran ownuk-uşak harytlara gözüň düşer. Şol gök derwezeden  geçmek aňsat däldir. Ýa-ha öýdäkileri örüzip derwezäni açdyrmaly, ýa-da derwezeden aşyp geçmelisiň. Ýöne şol uly penjiräniň öňüne baryp tyrk-tyrk kaksaňam penjiräniň aňyrsyndan hökman biri häzir bolar. Bizi göreninden Şeker ýa-da Maksat ylgap baryp derwezäni açar. Howla girer girmez ejem bilen Maral daýzam biri-birilerini ýitirip tapan ýaly görüşerler. Ejem ýany bilen getiren sowgatlaryny Şeker bilen Maksada gowşurar. Şol köneje jaýa girersiňem welin Myrat daýym garşylar. Saglyk amanlyk soraşylandan soň töre geçip, çaý äberiler. Onsoň çaýyň başynda gyzykly söhbetdeşlik başlar. Ýöne men çaýçyl däldirin. Ejemiň ýanyndan derrewjik aýrylyp ýaşdaşym Şeker bilen ondan iki ýaş kiçi oglan jigisi Maksadyň ýanyna ylgaryn. Garaz çagalykda her gün oýnamana oýun tapylar. Ine şeýle gyzykly , ýatdan çykmajak iň ýakymly günleriň birinde Maral daýzam gyzy Şekeri öýe gerekli azyklary almak üçin dükana ugratdy. Şekerem şol gün "Ýoldaş bolsun" diýip menem ýanyna alaýmazmy . Ol wagtlar men söýgüniň nämedigini bilmeýänemdirinem welin şu näzijek çaga ýüregimde Şekere bolan üýtgeşik duýgylarym oýanypdy. Şol wagtlaram edil şu wagtkylar ýaly juda çekinjeňdim. Ola ýürekdäkilerimi aýtmak eken hatda men Şekeriň ýanyndakam ýüregim çalt-çalt gürsüldäp, dilim tutylardy.
Ine-de haýat . Biz dükana barmak üçin şu haýatdan aşyp  geçmelidik . Men erkeksiräp haýatdan öňürti geçmek isledim. Ýöne onuň öz geçilýän ýeri bar eken . Şeker ilki haýat münüp:
-Öň bular ýaly ýerden geçip gördiňmi ?-diýdi. Menem :
-Hawa, känem geçýän-diýip yzy bilen haýata münüp , özümi haýatdan aşak okladym . Şonda Şeker:
-Hiç ýeriňe hiç zat bolmagy gerek ? - diýip howsalaly gürledi. Menem erkeksiräp :
-Zat bolarmaý. Hiç zadam bolanok- diýdim. Şonda-da Şeker meniň üstümi kakyşdyrdy. Soňra biz bileje el tutuşyp dükana ugradyk. Ýolda bolsa diňe mekdep barada söhbet edýärdik. Söhbetdeşligiň başyny sen başlapdyň:
-Türkmen dilinden näçelik bahalary alýaň?
-Aý, dörtlik-bäşlik
-Düşümleri bilýäňmi?
-Hawa , sen bilýäňmi ?
-Hawa bilýän . Baş düşüm , eýelik düşüm...
Biziň ikimizem 6-njy synpda okaýardyk. Biziň gülüşip , el tutuşyp barşymyzy gapdalymyzdan geçen çiňňerlip-çiňňerlip seredişýärdiler. Biz bolsa olara ünsem bermeýärdik. Şol wagt menden bagtly adam ýokdy, sebäp sen meniň ýanymdadyň .

Çagalykda galdy, çagalyk söýgüm
Baky bile borduk ulalmasadyk
Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym
Ulalmak melhemni ulanmasadyk

Söýgüňi aýtmak üçin şundan amatly pursat tapylmasa gerek. Emma men ýene-de hemişekiler ýaly çaga kalbymda möwjeýän duýgylarymyň ýekejesinem Şekere aýdyp bilmedim. Aslynda ony aýtmagam gerek däl hasaplaýardym. Sebäbi olam meni söýýän ýalydy. Biz şol adaty gürrüňler bilen gürleşip barýardyk:
-Edebiýat sapagyndan kim okadýar?
-Bahar mollum
-Hä seni gyz mollum okadýarmy ?
-Hawa
-Meni oglan mollum okadýar...
Ýeri şol okuwly gürrüňler bize hökmanmydy? Sen şol wagtlaram şu wagtkyň ýaly okamana höweslidiň.Ahyry biz dükan ýetdik. Sen menden dogumlyrak bolan soň meni dükanyň daşynda goýup , özüň dükana girip gerekli zatlary alyp çykdyň. Şol wagt sen maňa-da doňdurma almagy unutmadyň. Biz ýol boýy doňdurma ýalap öýe geldik. Edil şol pursatlar hem meniň durmuşymda hiiç ýatlamana ýaltanmajak iň ýakymly ýatlamalaryň biri bolup ýadymda galdy.

Çagalyk ýyllarmy ýadyma saldam
Ilki ýada düşer ilkinji söýgüm
Arzuwym elmydam ýanyňda bolsam
Hasda gaýnap joşar ilkinji söýgüm

Ýatsam düýşümde sen, tursam huşumda
Şeker söýdüm seni juwan ýaşymda
Şondan bäri her bir edýän işimde
Güýjüme-güýç goşar ilkinji söýgüm

Söý hem söýgüliňe söýgüňi bergin
Söýgüniň sapasyn, jepasyn görgün
Garaşýan henizem günlerde bir gün
Belki maňa duşar ilkinji söýgüm

(Soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

(27.06.2023)

Gökdepe etraby, Isberden obasy.

Çeşme : biz.islenen.ru

Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş