Запись - Biwepa köp eken (2-nji bölüm)

Biwepa köp eken (2-nji bölüm)

Mekdep şol adaty gözelligi, ezizligi, mähribanlygy bilen ýylgyryp durdy. Onuň töweregindäki gür baglykdan ýaňa içini görüp bolmaýardy. Emma onuň gapdalyndan geçen biparh seredip geçip gidibermeýärdi. Çünki onuň goýnunda gamsyz çagalyk, şadyýan ýaşlyk, iň ýakymly ýatlamalar ýatyrdy. Şool öňki köneje mekdebiň indi birneme durky täzelenipdi, baglary köpelip gitdigiçe boý alýardy. Ataş direktoryň özüniňim okap bilim alan oba mekdebine gowy seredýänligi daşyndan bildirýärdi. Ol mekdep bolany üçin onuň ilersinem , gaýrasyndanam , gündogarsyndanam girip bolýardy. Amangeldi bilen Myrat bolsa ilerden gelişlerini mekdebiň ilersinden girdiler. Klasdaşlaryň arasynda şol adaty gürrüňler dowam edýärdi.
-Aman birinji sapak näme bolmaly dost bilýäňmi?!
-Türkmen dili
-Blää , ýene şol garry mollymmy?
-Başyndan synp ýolbaşçydan başlaýalarda
-Bedenterbiýe haçan?
-Aý , üçünji ýa-da dördünji sapak bolaýmasa
-Erkek , ine şol sapakdan gowysy ýoklaý
-Çyn bolsa dogrydyr...
Klasdaşlar gepleşip mekdebiň günbatarsyna geçenlerinde , Amangeldiniň gaýradan ýekeje özi ýuwaşjadan ýöräp gelýän Güljana gözi düşdi. Uzyn boýly, saryýagyz , dogumly gyzy Amangeldi öňden bäri halaýardy. Emma şunça wagtlap , şol dogumly perizada içki harasatlaryny duýdyryp bilmeýärdi.Okuw köýnegi Güljana hasam gowy gelişýärdi. Onuň kiçiräk goňur gözleri , inçeräk gaşlary, Güne çalym edýän ýüzleriň Amangeldiniň gözlerine diýseň gözel görünýärdi. Güljan sap-saryja çypar saçlaryny ikä bölüp örüpdirde arka taşlapdyr. Onuň saçlary beýlebir uzyn däldi. Aslynda Güljan hemmelerden saýlanyp duran owadan däldi. Ol hemmelerden saýlanjagam bolmaýardy. Aram-aram ýakynlarynyň toýlarynda bolaýmasa ýüzüne-gözüne zadam çalyp baranokdy. Şol tebigy bolşy, şol tebigy häsiýetidi. Amangeldi hem onuň şol tebigylyny söýýärdi. Ol Güljany ölemen , hiç hereketini sypdyrman synlajakdy welin ýanynda Myrat bardy. Ol entäk ýürekdäki syryny hiç kime aýtmandy.
Ine-de jaň kakyldy. Okuwçylar ýerli ýerden hatara durulýan ýere gelip , hatar-hatar bolup durdylar. Her kim öz durmaly ýerini bilýärdi. Soňra okuw müdiri Amangeldä golaýlap:
-On birinji be synp , türkmen dili - diýeninden soňra Amangeldi we klasdaşlary synp ýolbaşçysy Sapar mugallymyň klasyna bardylar. Klasyň gapysy açyk ýöne entek Sapar mugallym gelmändi. Amangeldi ortaky setiriň iň soňky partasynda, dördinji synpdan bäri partadaşy Aknabat bilen oturýardy. Olaryň öňünde Ogulnur bilen Begli oturýardy . Şol pursat Begliden üýtgeşik sorag çykdy:
-Ruçka pyrladym oýnalyňmy ?
Bu soraga Amangeldi :
-Bolýar-diýse, Ogulnur :
-Gel oýnalyň -diýip bir geňsi ýylgyrdy. Soňra olar boş wagtdan peýdalanyp klasdaşlaryň  öňki gyzykly oýunlarynyň biri bolan "ruçka pyrladym" oýnamaga başladylar. Oýunyň gysgaça düzgini şeýle. Olar esasan klasdaş oglanlar-gyzlar bolup bir partanyň daşynda tegelenip oturýarlar . Şol partanyň ortasynda bir ruçka goýup ony bir gezek pyrlamalydy. Şol ruçkanyň ujy kime öwrülse  şoňa islän soragyňy bermelidi. Ol hem hiç ýalan sözlemän soraga jogap bermelidi . Oýuna sag hataryň iň soňky partasynyň çep tarapynda oturýan Gözelem goşuldy. Berdi kisesindäki ruçkany çykaryp partanyň ortasynda goýup , pyrlap göýberdi. Ruçkannyň ujy Aknabada bakdy. Aknabada Ogulnur şeýle sorag berdi.
-Şu klasda iň gowy görýän adamyň kim , oglanlardan?
Bu soraga başgaça "Şu klasda söýýän oglanyň kim?" diýip düşünseňem bolýardy. Bu sorag diňe Ogulnura däl oýunçylaryň hemmesine gyzyklydy. Aknabat çalaja ýylgyrdy-da:
-Gadyr -diýdi. Hawa hakykatdanam onuň Gadyr bilen görüşýänligini, gürleşýänligini partadaşy Amangeldi , jorasy Gözel dagy bilýärdiler. Indi ony ýuwaş-ýuwaşdan bütin klas bilip başlady. Çünki ony Gadyr klasdaşlaryndan gizläp baranokdy. Aknabadam arasynda özüniň Gadyry halaýandygyny aram-aram joralaryna aýdýardy. Aknabat :
-Indi bir sorag beräýmäň -diýip ruçkany özi pyrlady. Bu gezek ruçkanyň ujy Gözele geldi. Ogulnur Gözele ýylgyryp:
-Saňa-da şo sorag -diýdi. Gözel utanjyna gyzaryp:
-Ýok, meniň halaýanym ýok -diýdi . Ýöne Ogulnur aňsat sypdyrarly däldi. Ondan:
-Hiç kimi halaňokmy ?-diýip gaýtadan sorady. Gözel eli bilen aňyrsyndaky oturan partadaşy Hojany görkezdi. Aslynda Gözel klasyndaky iň dogumly ýigit bolan Batyry halaýardy. Emma ony hiç kime hatda Batyryň özünede aýtman kalbynyň çuňluklarynda gömüp saklaýardy. Gözeliň jogabyndan soň Ogulnur ruçkany pyrlady. Ýöne öz pyrlan ruçkasynyň ujy özüne seretdi. Oňa hezil edip her ýerden sorag gelip başlady. Sebäbi onuň özem şeýle soraglary berýärdi.
-Hany indi özüňem aýtda kimi halaýanyňy !
-Ertir söýgüliler gününde kime sowgat berjek ?
Soraglaryň hemmesine bir jogap ýeterlik boldy.
-Myrada
Bu jogapdan soň oýunçylaryň soraglaryna suw sepilen ýaly boldy. Soňra ruçkany ýene-de Ogulnuryň özi pyrlady.Ruçkanyň ujy Amangeldä geldi. Oňa-da şol bir soragy berdiler. Amangeldi utanjyndan ýaňa näme diýjegini bilmeýärdi. Onuň aňynda "Aýtmalymy ýa aýtmaly däl ?" diýen soraglar keserilýärdi. Ýüregi çalt-çalt urmaga başlady. Ol ençe wagtdan bäri "Men Güljany söýýän" diýip içini ýyrtyp gelýän sözlerini daşyna çykarasy geldi. Ine-de oňa amatly pursat. Amangeldi zordan çekinip-çekinip :
-Güljan-diýdi . Oýunçylaryň hemmesi bu jogaba ýylgyryşdylar. Oýunçylaryň hemmesi bu jogaby öň bilmeýärdi. Olar hamala gyzyl tapan ýaly bir Amangeldä seredip birem Güljana seredip gülüşdiler. Oýunçylaryň oýuny diňe öz aralarynda bolýardy. Beýleki klasdaşlary uly goh  başga gürrüňler bilen başagaýdylar. Ýene-de ruçka pyrlanyp ujy Beglä baranynda gapydan Sapar mugallym girdi. Oýunçylar oýnuny taşlap ýerinden turdylar. Okuwçylar synp ýolbaşçysy Sapar mugallym bilen ýerlerinden turup gadyrly salamlaşanyndan soň ýerinde oturdylar. Hawa ýaňja ruçkanyň ujy Beglini görkezipdi. Emma onuňam şol bir beriljek soraga jogaby bellidi. Begli bilen Aýgüliň çagalykdan bäri halaşýandyklaryny hemme klasdaşlary bilýärdiler.

(2-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)

(Gökdepe 06.07.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 1
Galamyñyzyñ ujy yiti bolsun mlds udaci 👏
7 Июл 2023, 04:43
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş