Запись - Gapynyñ öñündäki papak

Gapynyñ öñündäki papak

GAPYNYŇ ÖŇÜNDÄKI PAPAK
“Beýik Gündogar Howa ýollaryna” degişli bir uçar Nýu Ýorkdaky “La Guardiýa” Howa menziline gonmaga taýynlanýardy. Uçarmana adatça bolşy ýaly:
– Tekerleri düşürdiňmi? – diýip soraldy.
Kömekçi uçarman enjamlary barlaşdyrdy. Soňra has arkaýyn bolar ýaly kellesini penjireden çykaryp, tekerleriň ýerindemi, dälmidigine seretdi. Kellesini çykaranam şoldy welin, papagy başyndan uçup gitdi. Papaksyz kellesi bilen baş atyp jogap berdi:
– Hemme zat ýerbe-ýer!
Uçar sag-aman ýere gondy. Sagat irden alty otuzdy.
…Jo Higgins bir sürüjidi, süýt daşaýan maşyn sürýärdi. Öýi edil howa menziliniň alkymyndady, öýünde-de ýaş gelni bardy. Esgerlik borjuny ýerine ýetirip ýörkä öz ýanyndan göwün ýüwürden gyzy bilen durmuş gurupdy, soňra-da, häzirki işläp ýören işine ýerleşipdi. Uzak gije işleýärdi.
Säheriň ümüş-tamyşynda hemme ýerde ýalňyzlyk hem kölegeler höküm sürýändir. Jo gelniniň şo pursat näme bilen başagaý bolup ýörenini bilesi gelýärdi. Hol öňräk “Bagtly maşgala gurmak barada maslahatlar” atly bir ýazgy okapdy. Ol ýerde öýüň erkeginiň gündiz işläp, gije öýünde bolmagynyň has gowy boljakdygy barasynda aýdylýardy. Irden sagat ýedide öýüne ýetende, kellesinde, ana, şo pikirler pelesaň urýardy.
Jübüsinden açaryny çykaryp durka, ýerde ýatan bir zada gözi ilişdi. Eglip eline aldy. Ol, ýüzünde “Gündogar Howa ýollary” ýazgysy bolan papakdy. Jo şobada gapyny açdy-da kürsäp içeri girdi. Giren badyna-da:
– Düýn gije näme etdiň? – diýip, gazap bilen aýalyna gygyrdy.
Jeýn aňk-taňk bolup, birbada näme jogap berjegini bilmedi:
– K-kino gitdim, soňam gelip ýatdym.
Elindäki uçarman papagyny Jeýniň aýagynyň astyna oklan Jo:
– Onda, sen ýalňyz däl bolmaly… – diýdi. “Sered-ä, dostuň gapynyň öňüne öz kartwizitini goýup gidipdir. Iç ýüzünde adam ýazylgy: Jon Bell – kömekçi uçarman”.
Gazap bilen gapa ýönelen Jonuň yzyndan seredip galan gelin aňk-taňkdy, näme diýjegini bilenokdy.
Ömründe birinji gezek gören papagynyň öz gapylarynyň öňüne nädip gelenini pikir etjeginem, ömründe birinji gezek eşden ady bolan Jon Bell adynyň kime degişlidigini pikir etjeginem bilibilmän kösendi.
Jo bolsa gapydan çykyp barýarka:
– Papagam alyp gal, belki, ýadygärlik saklarsyň! – diýdi.
Jeýn äm-sämlikden aýňalan badyna herekete geçdi. Gündogar Howa ýollary müdiri kapitan Eddie Rikenbaker barada köp eşdipdi. Gaty sypaýy adamdygyny bilýärdi. Stoluň başyna geçip, oňa bolan zatlar barada jikme-jik gürrüň berýän hat ýazdy. Nýu Ýork býurosyna gidip, haty papak bilen birlikde Rikenbakeriň kömekçisiniň eline elin gowşurdy.
Rikenbaker haýal etmän herekete geçdi. Jeýn Higginsi La Guardiýa howa menziline ýollady. Ol ýerdäki jogapkär ýolbaşçy derrew uçuş jedwelini, yzyndanam uçarman Jon Belli tapdyrdy. Hemmesi bileleşip, Jonuň öýüne howlukdylar.
Jo goşlaryny ýygnamak üçin öýüne dolanyp gelen eken. Aýaly, uçarman we jogäpkär ýolbaşçy gapydan giren mahaly entegem goşlaryny ýygnap ýördi.
Jo uçuş jedwelini göreninden soň, uçarman Belliň papagyny nädip ýitirişini diňledi. Şolbada-da ýalňyşyna düşündi. Şeýdip, uçarman Bell öz papagyna gowuşdy, a Jo bolsa – maşgalasyna.
Jo mundan soň bir-ä aýalyndan tüýs ýürekden ötünç soramalydy, birem haýsydyr bir gündiz işi tapmalydy.

(Jon Wiler)
Teswirler 3
Sagbol ýetireniňe👍
6 Ноя 2022, 14:55
0
Sözbaşynda harp ýalňyş gidipdir, Remezan.
6 Ноя 2022, 13:41
0
Remezan
ответил(-а) Mahrimah

Düzetdim.

6 Ноя 2022, 15:41
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş