Запись - Biwepa köp eken (3-nji bölüm)

Biwepa köp eken (3-nji bölüm)

BIWEPA KÖP EKEN (3-NJI BÖLÜM)

Üçünji sapak beden terbiýe , Myradyň aýdyşy ýaly iň gowy sapak ýetip gelipdi. Eýýäm beden terbiýe sapagyna girilmänkä , arakesmede oglanlar bir ýerlerden topam tapdylar. Olar adatdakylar ýaly sport zala girip woleýbol oýnamak isläpdiler. Emma okuw müdiri sport zalyň açaryny alyp :
- Indi sport zala girmeli däl - diýipdi. Çünki okuwçylar oňa girseler beýleki sapaklara baraslary gelmeýärdi. Okuwçylar okuw müdiriniň ýanyna baryp näçe haýyş etselerde açary bermedi. Okuwçylar alaçsyz bu günki beden terbiýäni sport zalyň daşynda geçirmeli boldular. Kähalat ylgamak türnik çekmek ýaly gurnaýmasa Çary mugallymyň sapakda okuwçylar bilen kän işi bolmazdy. Gaýta ol ýaryşlar hem okuwçylar üçin örän gyzyklydy. Bu gün Çary mugallym okuwçylara aýratyn ýaryş gurnajak bolup durmady. Klasdaşlar tegelenşip eli bilen topy geçirip utylan çykdy oýnap başladylar. Ýogsa hersi topy eli bilen bir gezek degip ýoldaşlaryna geçirmelidi. Kim topy bir gezek eli bilen degip ýoldaşlaryna geçirip bilmese şol hem oýunçam çykýardy. Garagul oglanlar biri-birini çykarjak bolup her dürli hilelere ýüz urýardylar. Ýoldaşlarynyň geçiren topyny mejbur edýärdi ýa-da topy bat bilen geçirip ýoldaşyna degip gider ýaly edýärdi . Top kime degip ýere düşse şolam oýundan çykmalydy. Oýunda Amangeldiniň hiç garaşmaýan pursady bolup geçipdi. Ony Amangeldi etjek bolsada edip bilmezdi. Ýagny Amangeldi bilen Gülnäz iň soňunda oýundan çykman ikiçäk oýnamalydy. Oýunyň iň hezil ýerem şoldy. Beýleki ýoldaşlaryňy çykaryp ikiçäk galsaň arkaýyn iki bolup topy biri-biriňe geçirip oýnabermelidi . Kähalat iki bolup galanlara garaşyp-garaşyp ýadap, soňunda durup bilmän oýuny bozardylar. We hemmeler üýşüp oýun täzeden başlardylar. Emma Amangeldiniň arzuwlaýan pursady amala aşmady. Gülnäz Amangeldi bilen ikiçäk galasy gelmän birinji gezekde topy eliniň tersine urup göýberdi. Gülnäziň bu hereketi Amangeldä agyr degdi.Gülnäz  näme üçin Amangeldi bilen ikiçäk oýnasy gelmeýärkä? Amangeldi Gülnäziň bu hereketini hiç ýadyndan çykaryp bilmän ýüreginiň jümmüşinde ömürlik gara tegmil bolup galdy .
Klasdaşlar şeýdip oýun oýnap ýörkäler , olardan bir ýyl kiçi bolan 10-njy "A" klasyň dogumly oglanlary gahrymanlyk görkezmäge geldiler. Olar 11-nji "B" klasyň oglanlaryna yrsarap , olaryň toplaryny alyp , gyz klasdaşlaryna top bilen urmaga başladylar. Batyr bu hereketlere tomaşaçy bolup seredip durup bilmedi. Ol 10-njy klasyň okuwçysy Allamyradyň  garşysyna geçip:
-Nä beýdýäňow , nä sen bizi äsgereňakmow?- diýip ýakasyndan tutup ýaňagyna bir ýumruk gönderdi. Ony Allamyradyň ýoldaşlary görüp bada-bat hüjüme geçdiler. Batyryň ýoldaşlary hem olardan kem galmadylar. Iki klasyň oglanlary talpa bolup uruşmaga başladylar . Kimiň kimi urýanlygyny daşyndan kän saýgaryp bolmasada Allamyradyň ýoldaşlary az bolan soň birneme ejizläp başladylar . Gyzlar bu wakany ylgap baryp Çary mugallyma aýtdylar. Çary mugallym haýdaşlap gelip gygyran soň Batyryň ýoldaşlary uruşdan çekildiler. Allamyradyň ýoldaşlary hem mazalyja temmilerini alansoňlar uruşdan çekilip , Çary mugallymdan gaçyp gitdiler. Elbetde bu ýerde günäkär Allamyradyň ýoldaşlary bolanlygy üçin klasdaşlar  üýşüp mugallyma düşündirmäge başladylar .
-Mollum ilki özleri başlady
-Howwa , biz oýun oýnap ýörkäk topymyzy alyp gyzlara urmaga başladylar
-Hana gyzlaram şaýat
Gyzlar hem oglanlardan kem galman klasdaş oglanlarnyň günäkär däldigini Çary mugallyma düşündirjek bolýardylar .
-Howwa mollum olar gele-gelmäne yrsarap başladylar
-Ýerçeken gelmän geçenler . Nirden çykanynam biz-ä bilmedik
Çary mugallym bulary diňläp hiç kime gaharlanmady. Gaýta ol şu meseläniň şu ýerde galmagyny isleýärdi.
-Bolýar oglanlar. Ýöne şu ýagdaý şu ýerde galsyn. Bolýamy ? Beýdip gören ýerňizde-de urşup ýörmäň
-Özleri yrsarap geldi-dä mollum
-Özleri yrsarasada gelip maňa aýtmaly
-Bolýar mollum
Ondan soňra Allamyradyň ýoldaşlary bu klasa gelip yrsarap bilmediler . Emma özleriçe gahrymanlyk görkezendiklerini beýleki ýoldaşlarynyň ýanynda ýaltanman özleriçe ulaldyp gürrüň berýärdiler. Ýöne bu ýerde gahrymanlyk görkezen Batyr we klasdaş oglanlarydy. Gyz klasdaşlary olara daşyndan guwandylar. Ylaýtada Gözel Batyryň burnundan akýan ganlary görüp daşyndan gynanýardy.  Ol Batyra halys dözmeýärdi hemem özüni goraýan şeýle dogunly klasdaşynyň bardygyna buýsanýardy.

(3-nji bölümiň soňy . Dowamy bar )

(Gökdepe 09.07.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş